Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/09 sah. 1
  • Haçan ikilenç ideg etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Haçan ikilenç ideg etmeli?
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Meňzeş maglumat
  • Ikilenç idege gepleşip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Taýýarlyk — üstünlikli ikilenç ideg etmäge kömek edýär
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • «Ebedi ýaşaýyş üçin bellenenlere» kömek et!
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Ikilenç idege gepleşip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 11/09 sah. 1

Haçan ikilenç ideg etmeli?

1. Şägirt taýýarlamak üçin näme etmeli?

1 Şägirt taýýarlamak üçin Ýehowanyň Patyşalygy barada bilmek isleýän adamlaryň ählisini ikilenç ideg etmeli (Mat. 28:19, 20). Ikilenç ideg bize-de, gyzyklanýan adamlara-da amatly bolmaly. Biz näme üçin ikilenç idegi derrew etmeli?

2, 3. Näme üçin ikilenç idegi tizräk etmeli?

2 Ikilenç idegi näme üçin derrew etmeli? Bu dünýäniň ahyry golaýlaşýar, «Patyşalyk baradaky Hoş Habary» wagyz etmek işi hem tizden tamamlanar (Mat. 24:14; 1 Pet. 4:7). Şol sebäpli «gutulyş güni» gelýänçe, biz Hudaýyň sözüni gaýragoýulmasyz wagyz etmeli. Şeýle-de gyzyklanýan adamlaryň höwesini artdyrar ýaly, mümkin boldugyndan, haýal etmän ikilenç ideg etmeli (2 Kor. 6:1, 2; 2 Tim. 4:2).

3 Şeýtan adamyň ýüregine ekilen her bir Patyşalyk tohumyny ýok etmek üçin elinden gelenini edýär (Mar. 4:14, 15). Köplenç gyzyklanýan adamlaryň dogan-garyndaşlary, işdeşleri we başgalar üstünden gülýärler. Şol sebäpli gyzyklanýan adamyň höwesi sowamanka we eden gürrüňimiz onuň ýadyndan çykmanka tizräk ikilenç ideg etmeli.

4. Biz wagyz edende nädip ikilenç idege gepleşmeli?

4 Ikilenç idege gepleş. Birinji gezek gürrüňdeş bolanyňda, ikilenç ideg etmäge esas döretseň gowy bolar. Indiki gezek söhbetdeşligi dowam eder ýaly sorag ber. Birinji idegiň we indiki gezek etjek idegiň baradaky ýazgylaryňy ýitirme. Wagtyň bolsa ertesi gün ýa-da ýakyn wagtda görüşjek bol. Eger gyzyklanýan adama dynç günleri wagyz eden bolsaň we ol başga günleri işleýän bolsa, onda ol, belki, indiki dynç günleri duşuşmaga razy bolar. Belleşen günüň hökman geljek bol (Mat. 5:37).

5. Tizräk ikilenç ideg etmek Isanyň şägirt taýýarlamak tabşyrygyny berjaý etmäge nädip kömek edýär?

5 Gyzyklanýan adamlary mümkin boldugyndan tizräk ikilenç ideg etmäge bizde gowy sebäpler bar. Şol sebäpli tizräk ikilenç idege gepleşmeli, çünki «wagt gysgadyr» (1 Kor. 7:29). Patyşalyk barada Hoş habar bilen gyzyklanýan adamlary näçe çalt ikilenç ideg etsek, şonça-da edýän tagallalarymyz netijeli bolar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş