Ikilenç idege gepleşip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Biz gyzyklanan adamlary öýündekä ikilenç ideg edip, eken hakykat tohumymyzy suwarmak isleýäris (1 Kor. 3:6). Şol sebäpli biz kimdir birine wagyz edenimizde, oňa ýene geljekdigimizi aýdyp, ikilenç idege gepleşýäris. Indiki gezek görşeniňizde, haýsydyr bir sorag barada pikir alyşjakdygyňyzy aýtsaňyz gowy bolar. Şeýtseňiz, ol soragyň jogabyny bilesi gelip, size sabyrsyzlyk bilen garaşar. Şonda size ikilenç ideg etmek aňsat bolar. Sebäbi siz onuň bilen näme barada gürrüň etjekdigiňizi bilýärsiňiz. Biz adamy ikilenç ideg edenimizde, oňa geçen gezek nähili sorag berendigimizi ýatladyp, gürrüňi dowam edip bileris.
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Wagyz üçin teklip taýýarlanyňyzda, adamy ikilenç ideg eder ýaly sorag taýýarlaň. Taýýarlan soragyňyzy beýleki dogan-uýalar bilen paýlaşyň.