MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. Gaýtadan ideg ediň
NÄME ÜÇIN WAJYP? Köp adamlar Hudaý barada hakykaty gözläp, hoş habar bilen gyzyklanýandygyny görkezýärler (Iş 55:6). Biz olara yzygider öwretmek üçin gaýta-gaýta idäp durmaly. Adamlar dürli kynçylyklara duş gelýändigi üçin biz olaryň gyzyklanýan zatlarynyň üýtgeýändigine ünsli bolmaly. Emma biz gowy taýýarlansak we her idegimiziň maksady Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak bolsa, onda gullugymyz has netijeli bolar.
NÄDIP ETMELI?
Çaltrak, mümkin boldugyndan, birnäçe günden gaýtadan idejek bol (Mt 13:19).
Mähirli we sylaşykly bol. Özüňi arkaýyn alyp bar.
Ilki bilen mähirli salamlaş. Adamyň adyny tutup, oňa näme üçin gelendigiňi ýatlat. Belki, geçen sapar beren soragyň jogabyny aýdarsyň, täze žurnallardan birini getirip berersiň, web-saýtymyzy, wideolardan birini görkezip bilersiň ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwynyň nädip geçirilýändigini görkez. Eger ony başga tema biynjalyk edýän bolsa teklibiňi üýtget (Fp 2:4).
Mukaddes Ýazgylardan pikirler we beren edebiýatyň arkaly onuň ýüregindäki hakykat tohumyny suwar (1Kr 3:6). Onuň ýagdaýyna düşünjek bol.
Ýene-de gaýtadan idege gepleş.