Biraz gyzyklanýan adamlary hem ikilenç ideg et
1 Şu günler köpimiziň hakykatda bolmagymyzyň sebäbi, Ýehowanyň Güwäçileriniň biri Hudaýyň Patyşalygy bilen gyzyklanýandygymyzy görüp, bizi höweslendirmek üçin birnäçe sapar ikilenç ideg etdi. Şonuň ýaly bizem biraz gyzyklanýan adamlary hem ikilenç ideg etmeli. Ikilenç ideg etmeklik, «şägirt ediň» diýen tabşyrygy ýerine ýetirmekdir (Mat. 28:19, 20).
2 Adamyň gyzyklanandygyna üns ber. Eger adam edebiýaty almak islemese-de, onuň ýüz-gözi, gepleýşiniň äheňi ýa-da aýdýan sözleri Hudaýyň Patyşalygy bilen biraz gyzyklanýandygyny görkezse, ony ikilenç ideg etmeli. Bir dogan sabyrlylyk bilen biraz gyzyklanan adamy bäş hepdeläp yzygiderli ikilenç ideg etdi, ýöne edebiýat hödürlemedi. Altynjy sapar şol adam edebiýaty aldy we ahyry Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlady.
3 Adamyň gyzyklanýandygyny görseň, uzaga çekdirmän ikilenç ideg et. «Şeýtanyň gelip» onuň ýüregindäkini almagyna ýol berme (Mat. 13:19). Eger-de siz geljek wagtyňyzy belleşen bolsaňyz, sözüňizde duruň (Mat. 5:37).
4 Köçede. Köçede ýa-da resmi däl ýagdaýda wagyz edeniňizde gyzyklanan adamy höweslendirýärmisiňiz? Wagyz edeniňizden soň siz şeýle diýip bilersiňiz: «Siziň bilen gürrüňdeş bolmaklyk maňa ýarady. Bu gürrüňimizi dowam eder ýaly nähili duşuşyp bileris? Käbir wagyzçylar ýagdaýa görä, gyzyklanýan adama telefonyny berýär ýa-da biri-birine telefonlaryny berişýärler. Adamlar köçäniň belli bir ýerinde wagyz edýändigiňizi görseler, onda telefonyny ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysyny bermäge gorkmaz. Eger bermek islemese, onda ýene-de köçede duşuşanyňyzda gürrüňdeş bolup, gyzyklandyryp bilersiňiz.
5 Biz eken we suwaran ösümligimiziň gül açanyny görüp begenýäris. Şonuň ýaly biz ikilenç ideg edip, adamlara ruhy taýdan ösmegä kömek edenimizde şatlyk tapýarys (1 Kor. 3:6). Şol sebäpli biraz gyzyklanan adamlary hem ikilenç ideg etmegi maksat edinmeli.