Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/11 sah. 2
  • Sowally bukja

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sowally bukja
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyzda edebiýatlary paýhasly ulanyň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýaty paýhasly ulanalyň
    Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Nähili ýagdaýda bolmaly?
    Hudaýa gullugymyz — 2011
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 12/11 sah. 2

Sowally bukja

◼ Kime edebiýat bermeli, kime-de bermeli däldigini nädip anyklamaly?

Bu, esasan, adamyň hoş habara seslenişine bagly bolýar. Eger adam ýürekden gyzyklanýan bolsa, biz oňa birki žurnal, broşýura, kitap ýa-da başga edebiýatlarymyzdan berip bileris. Hatda ol bütindünýä wagyz işini goldamaga biraz pul berse-de, bermese-de edebiýat hödürläp bileris (Eýýup 34:19; Ylh. 22:17). Emma olary gymmatly edebiýatlarymyzyň gadyryny bilmeýän adamlara bermesek gowy bolar (Mat. 7:6).

Adamyň gyzyklanýandygyny nädip bilse bolar? Eger ol höwes bilen diňlese, soraga jogap berse, gürrüňdeşligi goldasa, onuň gyzyklanýandygy görner. Şeýle-de aýatlary okanyňyzda onuň ünsli diňleýşi Mukaddes Ýazgylara hormat goýýandygyny görkezer. Köplenç adamdan edebiýaty okamaga isleginiň bardygyny soramaklyk hem peýdaly. Wagyzçylar adamlaryň gyzyklanýandygyny bilmek üçin düşgür bolmaly. Meselem, biz köçede wagyz edenimizde, deňimizden geçýän her bir adama žurnal, broşýura ýa-da kitap hödürlesek paýhasly bolmaz. Eger-de biz adamyň gyzyklanan ýa-da gyzyklanmandygyny anyklap bilmesek, oňa diňe çakylyk hatyny ýa-da kitapça bersek gowy bolar.

Wagyzçynyň näçeräk edebiýat almalydygy onuň berýän meýletin sowgatlaryna däl-de, adamlara paýlap biljek edebiýatynyň sanyna bagly. Meýletin sowgatlar diňe bir edebiýatlaryň çap edilmegi üçin däl, eýsem, bütindünýä wagyz işiniň ähli görnüşlerini goldamak üçin berilýär. Patyşalyk işlerine minnetdar bolsak, özümizden artanyny däl-de, göwnümizden çykaranymyzy bereris (Mar. 12:41—44; 2 Kor. 9:7). Şeýle-de bu diňe gerekli edebiýatlary alyp, teokratik serişdelerini tygşytly ulanmaga höweslendirer.

[2-nji sahypadaky sitata]

Wagyzçylar adamlaryň gyzyklanýandygyny bilmek üçin düşgür bolmaly.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş