Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýaty paýhasly ulanalyň
1, 2. Köp adamlar biziň edebiýatymyza nähili garaýar we şonuň bilen bagly nähili sorag ýüze çykýar?
1 «Men siziň edebiýatyňyzy 1965-nji ýyldan bäri okaýaryn. Olary okanymda, Mukaddes Ýazgylar bilen deňeşdirýärin we hemme zat gabat gelýär. Meniň hemişe Hudaý we Isa pygamber barada hakykaty bilesim gelýärdi we ony siziň edebiýatyňyzdan hem-de Mukaddes Ýazgylardan tapdym diýip biljek». Bu haty bir adam Ýehowanyň Güwäçileriniň baş edarasyna ýazdy. Şeýle-de ol özi bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmeklerini haýyş etdi.
2 Dünýäde şonuň ýaly alkyş aýdyp, «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatynyň gadyryny bilýän millionlarça adam bar (Mat. 24:45). Akýürekli adamlara «hakykat bilimine ýetmäge» kömek etmek üçin her ýyl juda köp edebiýat çap edilýär (1 Tim. 2:4). Biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatymyzy nädip paýhasly ulanmaly?
3. Biz žurnallary artyk harçlamakdan nädip saklanmaly?
3 Artykmaç harçlama. Wagtyň geçmegi bilen, alan edebiýatymyz üýşüp gitmegi mümkin. Biz gymmatly edebiýatymyzy artykmaç harçlamakdan nädip saklanmaly? Wagyz üçin edebiýat alanymyzda paýhasly bolmaly. Birden köp žurnal almagyň deregine, biz birki edebiýat alyp, gerek bolsa soň ýene-de alyp bileris. Şeýtsek, öýümizde žurnallar üýşüp gitmez. Şeýle-de bizde artykmaç žurnal bar bolsa, sargyt edýän žurnallarymyzyň sanyny azaldarys.
4. Ýygnakda artykmaç edebiýat bar bolsa näme etmeli?
4 Artykmaç edebiýat. Eger ýygnakda artykmaç edebiýat bar bolsa, onda edebiýata jogapkär dogan golaýdaky ýygnaklar bilen habarlaşyp, olara gerek bolsa berip biler. Wagyzçylar bolsa köne žurnallaryny hakykatda bolmadyk dogan-garyndaşlaryna, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere we başgalara hödürläp biler. Ýygnaga täze gelenler bolsa, köne edebiýaty özlerinde teokratiki kitaphana döretmek üçin alyp biler.
5. Biz edebiýat üçin nädip minnetdarlyk bildirip bileris?
5 Biz edebiýatyň maksadyna ýetmegini, ýagny akýürekli adamlaryň Ýehowanyň ajaýyp niýetleri barada köpräk bilmegini isleýäris. Isa-da märekäni gudrat bilen doýranda, olardan galan iýmiti zaýalamady, bizem elimizdäki Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatyň gadyryny bilip, başardygymyzdan ýerlikli ulanmak isleýäris (Ýahýa 6:11—13). Öýde edebiýat üýşüp ýatsa, ondaky gutulyş habary päk ýürekli adamlara täsir edip bilmez. Şol sebäpli biz wagyz üçin alýan edebiýatymyzy gereginden artyk almaly däl we adamlara peýda getirer ýaly paýhasly ulanmaly (Gal. 5:23).