Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/09 sah. 3
  • Edebiýatlarymyzy gowy ulan

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Edebiýatlarymyzy gowy ulan
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýaty paýhasly ulanalyň
    Hudaýa gullugymyz — 2005
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 5/09 sah. 3

Edebiýatlarymyzy gowy ulan

1. Ýehowanyň sowgatlaryna Isanyň minnetdarlyk bildirişinden nähili görelde alyp bileris?

1 Isa uly märekäni gudrat bilen doýrandan soň, galan iýmiti ýygnamagy tabşyrdy (Mat. 14:19—21). Isa Ýehowanyň berýän sowgatlaryna minnetdarlyk bildirip, bize ajaýyp görelde galdyrdy. Biz hem Ýehowanyň «sadyk... iş dolandyryjysy» arkaly berýän ähli zatlaryny gowy ulanyp, minnetdarlyk bildirmekde Isadan görelde almaly (Kol. 3:15; Luka 12:42; Mat. 24:45—47).

2. Žurnallar köpelmez ýaly näme edip bileris?

2 Žurnallar. Biz žurnallary adamlara hödürlemesek, bizde žurnallar kem-kemden köpeler. Eger olar köpelse, onda sargaýan žurnallarymyzyň sanyny kemeltmeli. Eýsem, köne žurnallary näme etmeli? Olaryň wagty geçse-de, gadyr-gymmaty gaçmaýar. Eger bizde köne žurnallar köpelse, wagyz gözegçisi ýa-da başga ýaşuly olary üstünlikli ulanmaga kömek edip biler.

3, 4. Edebiýat alanymyzda nämäni göz öňünde tutmaly?

3 Başga edebiýatlar. Edebiýat sarganyňyzda, olary Patyşalyk zalyndan almazyňdan öňürti, ilki bilen, öýüňde wagyz üçin nähili edebiýatlaryň bardygyna göz ýetir. Diňe bir hepdede ulanyp biljek edebiýatlaryňy al, gerek bolsa, soňra Patyşalyk zalyndan ýene-de alyp bilersiň.

4 Diňe özüňe gerek edebiýatlary sargamaly. Sen adyňy we salgyňy edebiýatyň ýörite ýazylýan ýerine ýazmaly. Edebiýat ýitende, bu onuň kimiňkidigini bilmäge kömek eder. Eger sen guramanyň «Elektron kitaphanasyny» ulanýan bolsaň we sende žurnallaryň her bir sany bar bolsa, onda «Garawul diňiniň» hem «Oýanyň!» žurnallarynyň ýygnalan tomlaryny sargamasaňyz hem bolar.

5. Edebiýatlary ýaýradanda nämäni unutmaly däl?

5 Edebiýatlary ýaýratmak. Ýaşaýan ýerimizi göz öňünde tutup, edebiýatlary oýlanyşyksyz hödürlemek akylsyzlyk bolardy (Mat. 7:6). Biz edebiýatlarymyzy diňe ýürekden gyzyklanýan adamlara bermek isleýäris. Şeýle-de bu gymmatly esbaplaryň çykdajysy üçin, esasan, özümiziň jogapkärdigimizi unutmaly däl. Gyzyklanýan adamlara edebiýat galdyranda, olara meýletin sowgatlary bilen bütindünýä işini goldap biljekdigini aýtmaga çekinme.

6. Biz edebiýatlarymyzy näme üçin örän gymmat saýýarys we bu bizi nämä höweslendirýär?

6 Isa adamlary doýurmak üçin gudrat görkezýärdi, ýöne ilki bilen, ol adamlara ruhy iýmit berýärdi. Isa: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» diýdi (Mat. 4:4). Biziň edebiýatlarymyz arkaly adamlar Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilip, ebedi ýaşaýşa gowşarlar (Ýahýa 17:3). Şol sebäpli, bu gymmatly edebiýatlary biderek harçlamaly däl!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş