21-nji dekabrdan başlanýan hepdäniň tertibi
21-NJI DEKABRDAN BAŞLANÝAN HEPDE
9-njy aýdym
□ Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy
dg bap 6, abz 8—14
□ Teokratik gulluk mekdebi
Mukaddes Ýazgylary okamak: Ýeşuw 9—11
No. 1: Matta 21:33—46
No. 2: Dürli ýollar bilen terbiýe bermek wajyp (fy sah. 59, 60, 20—23)
No. 3: 46-njy hekaýa (my 46)?
□ Gulluk duşuşygy
2-nji aýdym
5 min. Bildiriş.
15 min. Toparyň gözegçisi bir sahna görkezsin. Sahnada ol taýýarlan hödürini ýaş wagyzça teklip etsin we ony näme üçin saýlandygyny hem-de haýsy soragy, aýatlary ulanjakdygyny düşündirsin. Ýaş wagyzçy bir hödüri bilýändigini, ýöne ony biraz üýtgetmäge kömek etmegi haýyş edýär. Ýaş wagyzçynyň teklip etjek makalasynyň esasynda, olar sorag düzýär we aýatlary saýlaýar.
15 min. «Okuw geçýän adam üçin «janyňyzy beriň». Sorag-jogap görnüşinde geçir. 2-nji abzasa seredensoň, okuw geçýän adam bilen ýürekden gyzyklansaň nähili peýda berýändigini bir wagyzçydan sora. Netijesi näme boldy? Şeýle-de başga wagyzçy okuw geçirýän adamyň onuň bilen ýürekden gyzyklananda, oňa nähili kömek edendigini gürrüň bersin.
28-nji aýdym