Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/10 sah. 1
  • Hoş habar hökman wagyz ediler!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hoş habar hökman wagyz ediler!
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Gedeýon midýanlary ýeňýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Hudaýyň Sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 5/10 sah. 1

Hoş habar hökman wagyz ediler!

1. Wagyz işini hiç zadyň togtadyp bilmejegini nireden bilýäris?

1 Ýehowanyň islegini amala aşyrmaga hiç zat päsgel berip bilmez (Iş. 14:24). Hatda Gideon kazynyň 300 adamly goşuny 135 000 midýanlara garşy söweşip bilmejek ýaly bolup görünse-de, Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Sen Ysraýyly midýanlardan halas edersiň. Seni ýollaýan men dälmi?» (Kaz. 6:14). Bu gün Ýehowa haýsy işi goldaýar? Isa: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar... dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler» diýdi (Mat. 24:14). Bu işi-de ýerine ýetirmäge hiç kim päsgel berip bilmez!

2. Wagyzda Ýehowanyň her birimizi goldajakdygyny nireden bilýäris?

2 Ýehowa saňa kömek edýär. Ýehowa mesihçiler ýygnagyna islegini berjaý etmäge kömek edýär. Ýöne Ol her birimizi aýratynlykda goldaýarmy? Pawlus resul durmuşyň kyn pursatlarynda-da, Ýehowa ony ogly Isa arkaly goldaýandygyny duýýardy (2 Tim. 4:17). Biz hem Ýehowanyň her birimiziň tagallamyza bereket berjegine ynanyp bileris (1 Ýahýa 5:14).

3. Ýehowa bizi haýsy ýagdaýlarda goldaýar?

3 Ýaşaýşyň gaýgylary seni ýadadýarmy? «Ol (Hudaý) ejizlere kuwwat berýändir» (Iş. 40:29—31). Belki-de, yzarlamalara ýa-da garşylyga duş gelýänsiň? «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar» (Zeb. 55:22). Kämahallar imanyň gowşaklyk edýärmi? «Ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin» (Çyk. 4:11, 12). Belki-de, syrkawlyk sebäpli köp wagyz edip bilýän dälsiň? Nähili az bolup görünse-de, Ýehowa seniň çyn ýürekden edýän tagallalaryňy gymmat saýýar (1 Kor. 3:6, 9).

4. Ýehowa bolan ynamymyz bize nähili täsir edýär?

4 Ýehowanyň «eli uzyn, kim ony aýryp biler?» (Iş. 14:27). Onuň bizi wagyzda goldajakdygyna ynansak, güýjimizi gowşatman «Reb üçin gaýratly wagyz ederis» (Res. iş. 14:3).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş