«Akyldarlyk öz işleri bilen tassyklanar»
1. Käbirler wagyz işine nähili garaýar?
1 Adamlar Ýehowanyň Güwäçileri hakynda nädogry maglumat eşidýärler ýa-da käbir zada nädogry düşünýärler. Şol sebäpli, käte biz wagyzda garşylyga duş gelmegimiz ähtimal. Belki-de, olaryň garaýşyna telewideniýe we radio habarlary täsir edýändir. Hat-da bize käbir ýerlerde «howply sekta» hem diýýärler. Bizi şeýle tankytlanlarynda, muňa nähili garamaly?
2. Bizi tankytlanlarynda göwnüçökgünlige düşmez ýaly näme kömek eder?
2 Gowy garaýyşda boluň. I asyrda Isa Mesihe we Ýehowanyň başga-da gullukçylaryna köplenç nädogry düşünip, olary ýamanlaýardylar (Res. iş. 28:22). Emma muňa garamazdan, Hudaýyň gullukçylary wagyz etmäge utanmaýardylar. Isa: «Akyldarlyk öz işleri bilen tassyklanar» diýdi (Mat. 11:18, 19). Ol hakykaty bilesi gelýän adamlaryň hoş habaryň peýdalydygyna göz ýetirjekdigine ynanyp, gökdäki Atasynyň islegini yhlasly ýerine ýetirýärdi. Hudaýyň Oglunyň hem tankytlanandygyny unutmasak göwnüçökgünlige düşmeris.
3. Näme üçin nädogry habarlar we garşylyklar biziň üçin täzelik däl?aa
3 Isa özüniň ýigrenilişi ýaly şägirtleriniň hem ýigreniljekdigini aýtdy (Ýahýa 15:18—20). Şol sebäpli, nädogry habarlar we garşylyklar biziň üçin täzelik däl. Hakykatdan-da, soňky günleriň soňy golaýladygyça, Şeýtanyň gahar-gazaba münüp, şeýle kynçylyk döretmegi biziň üçin adaty zat bolmaly (Ylh. 12:12). Biz muňa begenip bileris, sebäbi bu, Şeýtanyň dünýäsiniň ýok ediljek gününiň has golaýdygyny görkezýär.
4. Hoş habary wagyz edende ters jogap berýän adamlara biz nähili jogap bermeli?
4 Ýumşak jogap ber. Wagyzda adamlar ters jogap berende, biz elmydama mähirli we ýumşak jogap bermeli (Sül. tym. 15:1; Kol. 4:5, 6). Mümkin boldugyndan, ak ýürekli adamlara Ýehowanyň Güwäçileri hakda nädogry maglumatlaryň köpdügini düşündirip, ýa-da onuň haýsy meselede ylalaşmaýandygyny sorasa bolar. Biziň ýumşak jogabymyz adama Ýehowanyň Güwäçileri barada eşiden zatlaryna garaýşyny üýtgetmäge mümkinçilik döreder we indiki gezek wagyz edileninde diňlär. Emma öý eýesi gaty gaharly görünse, sypaýylyk bilen gürrüňi tamamlasaň gowy bolar. Adamlar biz barada nähili garaýyşda bolsalar-da, Ýehowanyň biziň wagyza gatnaşýanymyzy gymmat saýýandygyna ynanyp bileris (Iş. 52:7).