«Ähli adamlar bilen oňşukly ýaşaň»
1. Wagyzda gaharly adama duşanymyzda, Mukaddes Ýazgylaryň haýsy maslahatyna eýermeli?
1 Ýehowanyň halky parahatlygy söýýändigi üçin parahatlygy-da wagyz edýär. Biz adamlaryň öýüne baryp, wagyz edenimizde, olar käte gaharlanýar. Şeýle ýagdaýda özümizi parahat alyp barmaga näme kömek eder? (Rim. 12:18).
2. Biz näme üçin adamlaryň ýagdaýyna düşünmeli?
2 Adamlaryň ýagdaýyna düşünjek boluň. Käbir adamlar hakykata garşy bolup gaharlansa, käbirleri bolsa başga sebäplere görä gaharlanýarlar. Belki, biz olara oňaýsyz wagt gelendiris. Mümkin, adam kynçylyklary sebäpli gaharlanýandyr. Hatda ol hoş habary wagyz edýändigimiz üçin gaharlansa-da, onuň aldanýandygyny unutmaň (2 Kor. 4:4). Adamyň ýagdaýyna düşünjek bolsak, bu bize gaharlanman özümizi rahat alyp barmaga kömek eder (Sül. tym. 19:11).
3 Adamy sylaýandygymyzy nädip görkezmeli?
3 Hormat goýuň. Wagyz edýän ýerimizde adamlaryň köpüsi öz dinine berk ynanýarlar (2 Kor. 10:4). Olaryň bizi diňlemäge-de, diňlemezlige-de haky bar. Biz adamyň ynanýan zatlaryny tankynlamak ýa-da özümizi köp bilýän ýaly edip görkezmek islemeýäris. Eger ol bize gidiň diýse, onda gitmeli.
4. Nädip mähirli gürleşmeli?
4 Mähirli gürleşiň. Hatda erbet sögseler-de, biz ýumşak we rahat gürleşmeli (Kol. 4:6; 1 Pet. 2:23). Jedelleşip subutnama getirmegiň deregine, adamyň dilini tapjak boluň. Siz onuň näme üçin diňlemek islemeýändigini sypaýy sorap bilersiňiz. Käte has gowusy dawa turmaz ýaly, gürrüňi bes etmeli (Sül. tym. 9:7; 17:14).
5. Wagyzda özümizi rahat alyp barmagyň näme peýdasy bar?
5 Biz özümizi rahat alyp barsak, adam muny ýadynda gowy saklap, indiki sapar başga dogan ýa uýa wagyz edende diňlär (Rim. 12:20, 21). Hatda ol bize gaty garşy ýaly bolup görünse-de, belki bir gün doganymyz bolar (Gal. 1:13, 14). Ol hakykat bilen gyzyklansa-da, gyzyklanmasa-da, gaharlanman, özümizi rahat alyp barsak, Ýehowany şöhratlandyrarys we taglymatymyzy bezäris (2 Kor. 6:3).