Gaharjaň adama ýumşak jogap berip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Biz wagyzda köplenç mylakatly adamlara duşýarys. Ýöne Isa adamlaryň bizi ýigrenjekdigi barada pygamberlik edipdi (Ýahýa 17:14). Şonuň üçin biz gaharjaň adama duşsak, geň galmaly däl. Şeýle ýagdaýda biz Ýehowa ýaramly jogap bermek isleýäris (Rim. 12:17—21; 1 Pet. 3:15). Muny etsek, ýaramaz ýagdaýyň öňüni alarys. Bu wagyz edýän hem synlaýan adamlara gowy güwälik bolar we indiki sapar başga dogan-uýalar olara wagyz edende diňlärler (2 Kor. 6:3).
Aýyň dowamynda şulary etmäge çalşyň:
Şeýle ýagdaýy maşgala okuwynda sahnalaşdyryň.
Gaharjaň adam bilen gürrüňdeş bolanyňyzdan soň, ýanyňyzdaky dogan ýa-da uýa bilen indiki sapar nähili jogap berseňiz gowy boljakdygy barada gürrüň ediň.