12-nji ýanwardan başlanýan hepdäniň tertibi
12-NJI ÝANWARDAN BAŞLANÝAN HEPDE
26-njy aýdym we doga
Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy
lr 37-nji bap (30 min.)
Wagyz mekdebi
Mukaddes Ýazgylary okamak: Ýeşuwa 21—24 (8 min.)
No. 1: Ýeşuwa 24:14—21 (3 min. ýa-da ondan az)
No. 2: Ýehowanyň Şaýatlary saýlawlarda ses bermeklige nähili garaýarlar? (lv sah. 213, 214) (5 min.)
No. 3: Ähli zady ýaradan Ýehowa (igw sah. 2, abz. 4 — sah. 3, abz. 1) (5 min.)
Gulluk duşuşygy
Şu aýyň temasy: «Pesgöwünlilikde... Rebbe gulluk ediň». (Res. iş. 20:19)
9-njy aýdym
10 min. Pesgöwünlilik bilen Rebbe gulluk ediň. Söhbetdeşlik. Resullaryň işleri 20:19-y okaň. Diňleýjilere şu soraglary ber: 1) «Gulluk» diýen söz nämäni aňladýar? 2) Biz Hudaýa we Isa Mesihe nädip gulluk edip bilýäris? 3) Pesgöwünlilik näme? 4) Pesgöwünlilik häsiýeti bize wagyzda nädip kömek edýär?
20 min. Gaharjaň adama ýumşak jogap berip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. Söhbetdeşlik. Söhbetdeşlikden soň hakykatda bolşy ýaly gysgaça iki sahna görkeziň. Birinji sahnada wagyzçynyň gaharjaň adama nädogry jogap berýändigini görkeziň. Ikinjide bolsa, ýumşaklyk bilen jogap berýändigini görkeziň. Dogan-uýalary «aýyň dowamynda şulary etmäge çalşyň» diýen bölümdäki maslahatlara eýermäge höweslendir.
23-nji aýdym we doga