Sözüňizi bölýän adamlara jogap berip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Aýdaly, siz tizden tebigy betbagtçylygyň boljakdygyny bilýärsiňiz. Hatda adamlar howpsuz ýerde ýaşasalar-da, olaryň heläkçilige uçrajakdygyna düşünýärsiňiz. Şonda siz goňşularyňyzy duýduryp başlaýarsyňyz, emma olar biziň işimiz kän diýip, sözüňizi bölýärler. Elbetde, siz şonda-da olary halas etjek bolup jan edersiňiz. Ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň hem köpüsi biziň halas ediji habary aýdýandygymyza düşünmeýärler. Ähtimal, siz adamyň işli bolan wagty baransyňyz (Mat. 24:37—39). Ýa-da adamlar edilýän gep-gybatlar sebäpli biz barada ters garaýyşdadyrlar (Mat. 11:18, 19). Belki-de, olar özüni erbet alyp barýan dinlerden biziň hiç hili tapawudymyz ýok diýip pikir edýändirler (2 Pet. 2:1, 2). Eger adam, ilkibada, gyzyklanmasa, onda gürrüňdeşligi bes etmäge howlukmaň.
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Eger adam wagyzda siziň sözüňizi bölse, onda onuň bilen gürrüňdeşligi bes edeniňizden soň, şeýle ýagdaýda nädip has gowy jogap berip boljakdygy barada ýanyňyzdaky wagyzçy bilen pikir alşyň.