Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/06 sah. 7
  • Batyrgaý hem oňşukly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Batyrgaý hem oňşukly
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • «Ähli adamlar bilen oňşukly ýaşaň»
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Sypaýy, ýöne tutanýerli bolmak
    Wagyz mekdebi
  • Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz etmegi dowam ediň
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Isanyň göreldesine eýerip, mertlik bilen wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 11/06 sah. 7

Batyrgaý hem oňşukly

1 Wagyzda duşýan adamlarymyzyň köpüsi Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän zatlara ýürekden ynanýandyklaryny görýäris. Şeýle ýagdaýlarda batyrgaý wagyz etmeli bolsak-da, biz «oňardygymyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşap», olaryň göwnüne degmek islemeýäris (Rim. 12:18; Res. iş. 4:29). Hoş habary wagyz edýän wagtymyz batyrgaý hem oňşukly bolmak üçin näme etmeli?

2 Ugruny tap. Oňşukly adam jedel etmeýär. Öý eýesiniň ynanýan zatlaryny ýalana çykaranyň bilen hoş habary kabul etdirip bilmersiň. Şonuň üçin ol ýalňyş bir zady diýende-de, oňa sypaýyçylyk bilen ylalaşýan pikirimizi aýtmaly. Onuň pikiri bilen seniň pikiriň gabat gelýän ýerini belläp geçseň, şonda biz onuň ýüregine täsir edip, dogry garaýşda bolmagyna kömek ederis.

3 Eger biz öý eýesiniň ýalňyş garaýşyna üns bermesek, onda eglişik etdigimiz bolarmy ýa-da hakykatyň gadyryny gaçyrarysmy? Ýok, beýle däl. Isanyň şägirtleri hökmünde biziň maksadymyz her bir ýalňyş düşünjäni ýalana çykarmak däl-de, Hudaýyň Patyşalygy hakda hoş habary wagyz etmek (Mat. 24:14). Aýdylan ýalňyş garaýşa aşa köp üns bermän, gaýtam, şol adamyň ýagdaýyna düşünjek bolmaly (Sül. tym. 16:23).

4 Mertebesini sylaýarys. Käbir ýagdaýlarda nädogry taglymaty ýalana çykarmak üçin batyrgaýlyk hem gaýratlyk gerek. Ýöne biz oňşukly bolmaly, ýalan taglymata ynanýan ýa-da ony öwredýän adamlaryň üstünden gülüp kemsitmeli däl. Ulumsylyk bilen gepleseň, adamlar senden daşlaşar, ýöne pes göwünlilik we ýagşy sözler hakykaty söýýän adamlary özüne çekýär. Diňleýjilere we olaryň ynançlaryna hormat goýmak bilen olaryň mertebesini sylaýarys, şonda olar hoş habary aňsatlyk bilen kabul eder.

5 Pawlus resul wagyz edýän adamlarynyň ynançlaryny göz öňünde tutup, hoş habary olaryň ýüregine täsir eder ýaly wagyz etdi (Res. iş. 17:22—31). «Käbirlerini gutarjak bolup», ol uly höwes bilen «her kese her zat boldy» (1 Kor. 9:22). Şeýlelikde, onuň göreldesine eýerip hoş habary batyrgaý wagyz etsek-de, hemişe oňşukly bolmaly.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş