33-NJI SAPAK
Sypaýy, ýöne tutanýerli bolmak
SYPAÝYÇYLYK bu adamlaryň göwnüne degmän özüňi alyp barmagy we geplemegi aňladýar. Bu häsiýet bir zat aýdanyňda haçan we nädip aýtmalydygyny bilmäge kömek edýär. Emma bu hakykata garşy gitmegi, delilleri ýoýmagy ýa-da adamlardan gorkmagy aňlatmaýar (Sül. tym. 29:25).
Ruhuň miwesi sypaýyçylyk häsiýetiniň özenidir. Söýýän adam hiç kimiň gaharyny getirmän, gaýtam, olara kömek etmek isleýär. Ýagşylyk we ýumşaklyk adamy her zady ak ýürekden etmäge höweslendirýär. Parahat adam başgalar bilen gowy gatnaşykda bolmaga jan edýär. Sabyrly adam özüni gödek alyp barýan adamlara duşsa-da, rahatlygy elden bermeýär (Gal. 5:22, 23).
Emma Mukaddes Ýazgylardaky habar nähili görnüşde aýdylsa-da, käbir adamlar nägilelik bildirýärler. I asyrdaky ýehudylaryň köpüsiniň ýüregi zalym bolany üçin Isa Mesih olara «büdreme daşy, taýma gaýasy boldy» (1 Pet. 2:7, 8). Isa Patyşalyk baradaky wagyz işi hakynda şeýle diýdi: «Men dünýä ot ýagdyrmaga geldim» (Luka 12:49). Ýehowanyň Patyşalygy baradaky habar adamlary Ýaradyjynyň häkimiýetine tabyn bolmaklyga çagyrýar, çünki bu gaýragoýulmasyzdyr. Emma köp adamlar Hudaýyň Patyşalygynyň tizden zalym dünýäni ýok etjekdigi baradaky habary halamaýarlar. Muňa garamazdan, biz Hudaýa gulak asyp, wagyz etmegimizi dowam edýäris. Şeýle-de biz Mukaddes Ýazgylardaky: «Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň» diýen maslahata eýerýäris (Rim. 12:18).
Wagyzda. Biz imanymyz barada dürli ýagdaýlarda gürrüň berýäris. Biz muny, esasan, wagyz gullugynda etsek-de, mümkinçilik bolanda, dogan-garyndaşlarymyza, işdeşlerimize we klasdaşlarymyza gürrüň bermäge çalyşýarys. Ýöne ähli ýagdaýlarda-da sypaýy bolmaly.
Eger biz Patyşalyk habaryny takal okaýan ýaly gürrüň bersek, adamlar göwnüne almagy mümkin. Olar maslahat soramasalar ýa-da oňa mätäçdigini duýmasalar, aýdýan her bir sözümizi düzediş berlen ýaly hasaplap, nägilelik bildirmekleri ahmal. Adamlar bize nädogry düşünmez ýaly näme edip bileris? Munuň üçin mähirli söhbetdeşlik etmegi öwrenmeli.
Gürrüňi adamy gyzyklandyryp biljek sorag bilen başlamaga çalşyň. Eger ol dogan-garyndaşyňyz, işdeşiňiz ýa-da klasdaşyňyz bolsa, mümkin, siz onuň näme bilen gyzyklanýandygyny bilýänsiňiz. Eger siz adamy birinji sapar görýän bolsaňyz, onda täzeliklerden eşiden ýa-da gazetden okan habaryňyzy aýdyp bilersiňiz. Şeýle habarlar köp adamlary gyzyklandyrýar. Eger öýden-öýe wagyz edýän bolsaňyz, onda daş-töweregiňize syn ediň. Öýüň bezegi, howludaky oýnawaçlar, din bilen baglanyşykly zatlar we howluda duran ulaga ýelmenen suratdyr ýazgylar öý eýesiniň näme bilen gyzyklanýandygyny görkezip biler. Öý eýesi gapyny açyp, siziň bilen gepleşende, ony ünsli diňläň. Eger ol siziň aýdýan zatlaryňyzy tassyklasa ýa-da size düzediş berse, onuň garaýşyny we näme bilen gyzyklanýandygyny bilersiňiz. Bu size näme hakda wagyz etmelidigini görkezer.
Gürrüňe başlanyňyzda, Mukaddes Ýazgylardaky we oňa esaslanan edebiýatlardaky pikirler bilen paýlaşyň. Ýöne diňe özüňiz geplemäň (Wag. 3:7). Eger adam islese, ony söhbetdeşlige goşulmaga höweslendiriň. Onuň garaýşy we pikiri bilen gyzyklanyň. Bu size onuň bilen sypaýy bolmak üçin näme etmelidigini bilmäge kömek eder.
Bir zat diýmezden öňürti, aýtjak sözleriňiziň adama nähili täsir etjekdigi barada oýlanmaly. Süleýmanyň tymsallary 16:23-de «agzy paýhasly» adam öwülýär. Bu aýatda ulanylýan ýewreý sözi gürrüňdeş bolanyňda düşgür we düşünjeli bolmalydygyny görkezýär. Diýmek, paýhasly adam akylly hereket etmek üçin ýagdaýy gowy ölçerip, oýlanyşykly sözleýär. Süleýmanyň tymsallary 12:18-de bolsa, «gylyjyň sanjylyşy ýaly, soňuny saýman geplemekden» ägä bolmalydygy barada aýdylýar. Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty adamyň göwnüne degmän düşündirip bolýar.
Käte gürrüňdeşlik bes edilmez ýaly, nähili sözleri ulanjakdygyňyz hakda öňünden oýlanmaly. Eger adam «Injil» sözüni aýdandygyňyz üçin siziň bilen gürrüňdeş bolmak islemeýän bolsa, onda «Mukaddes Ýazgylar» ýa-da «2 000-den gowrak dilde çap edilen kitap» diýen jümleleri ulanyp bilersiňiz. Siz Mukaddes Ýazgylara salgylananyňyzda, söhbetdeşiňiziň nähili pikir edýändigini sorap bilersiňiz, soňra onuň garaýşyny göz öňünde tutup, gürrüňiňizi dowam etse bolar.
Sypaýy bolmak ýerlikli bolan wagty sözlemegi-de talap edýär (Sül. tym. 25:11). Siz adamyň aýdan ähli zatlary bilen ylalaşmasaňyz-da, Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän her bir sözüni ýalana çykarmakdan ägä boluň. Adama bir saparda ähli zady aýtjak bolmaň. Bir gezek Isa şägirtlerine: «Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, ýöne häzir siz olary göterip bilmersiňiz» diýdi (Ýahýa 16:12).
Mümkinçilik dörände, söhbetdeşiňize ýürekden öwgüli sözleri aýdyň. Hatda ol jedelleşse-de, öz pikirini aýdandygy üçin, ony öwüp bilersiňiz. Pawlus resulam Afinydaky Ares depesinde filosoflar bilen gürrüňdeş bolanda, olary öwüpdi. Filosoflar «oňa garşy çykdylar». Pawlus hiç kimiň göwnüne degmän nädip wagyz edip biler? Biraz wagt öň, Pawlus olaryň öz taňrylaryna ençeme gurbanlyk sypasyny dikendiklerini görüpdi. Emma Pawlus olary butparazlykda ýazgarmady, gaýtam, olary sypaýyçylyk bilen hudaýhonlygy üçin öwüp: «Eý afinylylar! Men sizi her babatda gaty dindar görýärin» diýdi. Şeýdip, Pawlusda hak Hudaý barada hakykaty wagyz etmäge mümkinçilik döredi. Käbirleri onuň sözüni diňläp, iman etdiler (Res. iş. 17:18, 19, 22, 34).
Eger adam siziň bilen razylaşmasa, gaharlanmaň; özüňizi rahat alyp baryň. Muňa adamyň pikirini bilmäge mümkinçilik hökmünde garaň. Oňa pikirini aýdandygy üçin minnetdarlyk bildirse bolar. Emma adam: «Meniň öz dinim bar» diýse näme? Onda sypaýyçylyk bilen: «Siz hemişe dine uýýarmydyňyz?» diýip soraň. Ol jogap berenden soňra, şeýle diýip bilersiňiz: «Siziň pikiriňizçe, haçan hem bolsa ähli adamlar bir dine uýarlarmy?» Belki-de, bu size gürrüňdeşligi dowam etmäge kömek eder.
Biz özümize dogry garaýyşda bolsak, sypaýy bolup bileris. Biz Ýehowanyň kada-kanunlarynyň dogrudygyna we Onuň Sözüniň hakykatdygyna berk ynanýarys. Şol sebäpli biz bular barada ynamly gürrüň berýäris. Emma bu bize özümizi ýokary tutmalydygymyzy, ýagny öz dogrulygymyza bil baglamalydygymyzy aňlatmaýar (Wag. 7:15, 16). Biz hakykaty bilýändigimize we Ýehowanyň bereketlerini alýandygymyza örän begenýäris. Ýöne bu zatlaryň bize dogrulygymyz üçin däl-de, Ýehowanyň merhemeti we Mesihe bolan imanymyz arkaly berilýändigini bilýäris (Efes. 2:8, 9). Biz Hudaýyň Sözündäki: «Imandadygyňyzy özüňiz barlap görüň. Özüňizi synaň» diýen sözlere çynlakaý garamalydygyna düşünýäris (2 Kor. 13:5). Şonuň üçin biz adamlara Hudaýyň talaplaryna görä ýaşamagyň wajypdygyny aýdanymyzda, özümiz hem Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlara pesgöwünlilik bilen eýerýäris. Biziň adamlary höküm etmäge hakymyz ýokdur. Ýehowa «ähli hökümi Ogla tabşyrdy», şol sebäpli biz edýän işlerimiz üçin onuň öňünde jogap bereris (Ýahýa 5:22; 2 Kor. 5:10).
Öýde we dogan-uýalaryň arasynda. Biz diňe wagyz edenimizde özümizi sypaýy alyp barmak bilen çäklenmeli däl. Sypaýylyk Hudaýyň ruhunyň miwesi bilen berk baglanyşyklydyr. Şol sebäpli biz öýde-de sypaýy bolmaly. Söýgi bizi adamlaryň duýgusyny göz öňünde tutmaga höweslendirer. Esteriň ýanýoldaşy Kserks (Ahaşweroş) patyşa Ýehowa sežde etmeýärdi, emma Ester oňa hormat goýýardy we Ýehowanyň gullukçylary bilen bagly meseläni oňa aýdanda, özüni juda paýhasly alyp bardy (Ester 3—8-nji baplar). Käte biz hem iman etmeýän maşgala agzalarymyza diňe bir wagyz etmän, özümizi sypaýy alyp barsak, olary hakykata çekip bileris (1 Pet. 3:1, 2).
Şonuň ýaly-da, ýygnakdaky dogan-uýalary gowy tanaýandygymyz üçin, olar bilen özümizi gödek ýa-da sypaýyçylyksyz alyp barsa bolýandyr öýtmeli däl. Ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalar bizden gaty görmäge haky ýok diýip pikir etmeli däl. Şeýle-de biz: «Aý, meniň häsiýetim şeýle-dä» diýip, özümizi aklamaly däl. Eger biz özümizi gödek alyp barýandygymyzy duýsak, onda häsiýetimizi özgertmeli. Biziň «birek-birege bolan söýgimiz joşgunly bolmaly» we bu bizi «imanlylar içerisine ýagşylyk etmäge» höweslendirmeli (1 Pet. 4:8, 15; Gal. 6:10).
Sahnada. Sahnada çykyş edeniňizde-de sypaýy geplemek gerek. Diňleýjileriň alan terbiýesi, durmuş ýagdaýy we ruhy taýdan ösüşi-de dürli-dürli bolýar. Belki-de, kimdir biri Patyşalyk zalyna birinji sapar gelendir. Käbirleriniň bolsa kynçylyklara uçraýan bolmagy mümkin, ýöne nutukçy bu zatlardan bihabardyr. Şeýle ýagdaýlarda göwne degiji sözleri aýtmaz ýaly nutukça näme kömek eder?
Pawlus resulyň Titusa beren maslahatyna eýermegi maksat ediniň. Ol şeýle diýdi: «Hiç kimi ýamanlaman... mylaýym (paýhasly, TD) bolup, ähli adamlara ýumşaklyk görkez» (Titus 3:2). Bu dünýäden tapawutlylykda, siz adamlaryň milleti, taýpasy ýa-da jynsy başga bolandygy üçin, olaryň mertebesini gaçyrýan sözleri ulanmakdan gaça duruň (Ylh. 7:9, 10). Hudaýyň talaplaryny açyk aýdyň we olara eýermegiň paýhaslydygyny görkeziň. Emma Ýehowanyň ýolundan doly ýöremeýän adamlary kemsidýän sözleri ulanmaň. Gaýtam, ýygnaga gelenleriň ählisini Hudaýyň islegini we oňa ýaranmak üçin näme etmelidigini bilmäge höweslendiriň. Diňe maslahat bermek bilen çäklenmän, eýsem, mähirli we ýürekden öwgüli sözleri aýdyň. Goý, siziň aýdýan sözleriňizden we äheňiňizden doganlyk söýgüsi duýulsyn, çünki biz birek-biregi söýmelidiris (1 Sel. 4:1—12; 1 Pet. 3:8).