«Mukaddes Ýazgylar — durmuşy özgerdýän kitap»
Hudaýyň Sözi millionlarça adamlaryň durmuşyny özgertdi. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri şu günki kynçylyklary ýeňmäge kömek eder? Sen bu soragyň jogabyny bilmek üçin «Mukaddes Ýazgylar — deliller we pygamberlik kitaby» (rus.) filminiň «Mukaddes Ýazgylar — durmuşy özgerdýän kitap» diýen 2-nji bölümini görüp bilersiň. Bu filme seredenden soňra, aşakdaky soraglara jogap berip bilermiň?
1. Mukaddes Ýazgylar näme üçin edebi eser däl? (Ýew. 4:12). 2. Hudaýyň Sözi durmuşy özgerdip bilýän bolsa, onda näme üçin adamlaryň kynçylyklary gutarmaýar? 3. Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy näme? 4. Filmde agzalýan haýsy aýatlar a) är-aýal gatnaşygyny sazlamaga we b) özüňe erk etmäge kömek edýär? 5. Mesihçileriň nika bolan garaýşy maşgala durmuşyny nädip özgerdip bilýär? (Efes. 5:28, 29). 6. Ýehowa ata-enelere nähili ajaýyp görelde görkezdi? (Mar. 1:9—11). 7. Ata-eneler maşgala okuwyny gyzykly geçirmek üçni näme edip biler? 8. Hudaýyň Sözi çagalarynyň aladasyny edýän ata-eneleri ýene-de näme etmäge höweslendirýär? 9. Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlary puly tygşytly sowmaga nädip ýardam edýär? 10. Mukaddes Ýazgylaryň arassaçylyk, neşekeşlik we arakhorluk baradaky haýsy prinsipleri saglygyňy goraýar? 11. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy wadalary bizi ruhlandyrýar? (Eýýup 33:25; Zeb. 145:16). 12. Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary seniň durmuşyňa nähili täsir etdi? 13. Şu film arkaly adamlara nädip kömek edip bilersiň?