«Mukaddes Ýazgylar. Biziň durmuşymyzy özgerdýän güýç» diýen filmi ara alyp maslahatlaşmak
Indiki sowallara jogap berip, bu filmiň sizde nähili täsir galdyrandygy barada gürrüň beriň. 1a) Millionlarça adamlara durmuşyny gowy tarapa özgertmäge näme güýç berdi? (Ýew. 4:12). 1b) Nädip bu güýji edinmeli we öz durmuşyňa täsir etmegine ýol bermeli? 2) Mukaddes Ýazgylardan är-aýala a) özara düşünişmäge we b) özüne erk etmäge kömek edýän haýsy aýatlar bellenip geçildi? 3) Mesihçileriň nika bolan garaýşy, maşgala durmuşyny nädip gowy tarapa özgerdýär? (Efes. 5:28, 29). 4) Hemme çagalaryň nämä mätäçdigini görkezip, Ýehowa nädip kämil görelde galdyrdy we biziň günlerimizde ata-eneler nädip ondan görelde alyp bilerler? (Mar. 1:9—11). 5) Ata-eneler näme üçin Mukaddes Ýazgylardan özleri çagalaryna öwretmeli we muny olaryň yzygiderli etmelidigi nämeden görünýär? (Kan. 6:6, 7). 6) Ata-enelere Mukaddes Ýazgylardan maşgala okuwyny gyzykly etmäge näme kömek eder? 7) Çagalar Mukaddes Ýazgylar okuwyndan başga ýene nämä mätäç we Hudaýyň Sözi ata-enelere şonuň bilen bagly nämä höweslendirýär? 8) Mukaddes Ýazgylaryň maslahaty maşgala agzalaryna maddy kynçylyklara hötde gelmäge nädip kömek edip biler? 9) Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsiplerini ulansaň saglyk bilen bagly kynçylyklardan gaça durmaga kömek edip biler? 10) Hudaýyň Sözündäki prinsipler siziň durmuşyňyzy nädip özgertdi? 11) Bu film wagyz edýän adamlaryňyzyň Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamagyna nädip höweslendirip biler?