Ýazgylara esaslanan gürrüňdeşlik
Mukaddes Ýazgylara esaslanyp wagyz etmek üçin gowy taýýarlanmaly. Aşakdaky getirilen soraglary we aýatlary wagyzda nädip ulansa bolýandygy hakynda oýlanyp görüň. Olardan siziň territoriýaňyza gabat gelýänini saýlap, oňa gowy taýýarlyk görüň. Eger başga göwnüňe ýaraýan hödürler ýa-da aýatlar bar bolsa, olary ulanyp bilersiň.
1. Siziň pikiriňizçe, Hudaýyň başlangyjy ýa-da soňy barmy?
▪ Rimliler 11:33 — Biz Hudaýyň çuňňur akyldarylygyna we bilimine doly düşünip bilmeýäris.
▪ Zebur 90:1, 2 — Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň ne başlangyjy, ne-de soňy bar diýilýär. Diýmek, Hudaý Özüne gulak asýan adamlara hökman ebedi ýaşaýyş berer.
2. Ykdysady kynçylyklar sebäpli köp adamlar işsizlikden ýaňa näme etjegini bilmeýärler. Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda peýdaly maslahatlar berilýär.
▪ Luka 14:28, 29 — Puly tygşytly sowsak, az-owlak pul bilen hem eklenip bolýar.
▪ Ýewreýler 13:5 — Barymyza kaýyl bolup ýaşamagy öwrensek, köp gaýga batmarys.