Sowally bukja
◼ Pionerlere nädip kömek edip bileris?
2009-njy gulluk ýylynda 800 000-e golaý dogan-uýalar pioner we ýörite pioner bolup gulluk etdi. Olar Hudaýyň Patyşalygy hakynda wagyz etmek üçin wagtynyň, güýjüniň we maddy serişdesiniň ilkinji miwesini gurban getirýär (Sül. tym. 3:9). Ýehowa olaryň edýän tagallasyna, gör, nähili begenýär! Biz nädip Ýehowadan görelde alyp, olara şatlyk we çydamlylyk bilen gulluk etmäge ýardam edip bileris?
Biziň aýdan ýerlikli mähirli sözlerimiz olara pioner gullugyny dowam etmäge ýardam eder (Sül. tym. 25:11). Pionerler bilen wagyz eder ýaly gün tertibimizi üýtgedip bilerismi? Ulagymyz bolsa, pioner bilen wagza gidende onuň ulagynda däl-de, biziňkide gitmegi teklip edip bileris. Ýa-da awtobusda gidenimizde, käwagt olaryň ýol nyrhyny töläp bileris. Eger wagza olaryň ulagynda gitsek, ýangyja ediljek çykdajyny özümiz tölesek gowy bolar (1 Kor. 13:5; Flp. 2:4). Şeýle-de myhmansöýer bolup, pionerleri wagtal-wagtal myhmançylyga çagyrsak, olary mähirli goldarys (1 Pet. 4:8, 9).
Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň Patyşylygyny birinji orunda goýýan adamlaryň aladasyny Ýehowanyň etjekdigi aýdylýar (Zeb. 37:25; Mat. 6:33). Ýehowa muny mähriban dogan-uýalar arkaly edýär (1 Ýahýa 3:16—18). Elbetde, pionerler dogan-uýalardan pul kömegini eder diýip garaşmaýar. Şeýle-de bir zat ýetmezçilik edende, olar imandaşlaryna aýtmaýar. Emma biz olaryň ýagdaýyna ünsli bolsak, wepaly pionerlere kömek edip, «olaryň ýetmezini dolduryp» bileris (2 Kor. 8:14, 15).
I asyrda Kenreadaky ýygnagyň yhlasly gullukçysy Fibi atly uýa Rime gidende, Pawlus resul rimli doganlara: «Ony mukaddeslere mynasyp ýagdaýda Rebde kabul edip, size mätäç zatlarynda kömek beriň» diýip ýazýar (Rim. 16:1, 2). Biz hem ýygnagymyzdaky yzyny üzmän pioner we ýörite pioner bolup gulluk edýän wagyzçylary goldap bileris (Res. iş. 5:42).