Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/10 sah. 4
  • Yhlasly wagyz et (yb10)

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Yhlasly wagyz et (yb10)
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 11/10 sah. 4

Yhlasly wagyz et (yb10)

Benin (s. 43, 44)

Klod we onuň aýaly Mari-Kler janyny aýaman 27 ýyl bäri missioner bolup gulluk edýärler. Fewral aýynda Mari-Kler typyp, aýagyny döwdi. Iki hepdeden Klod missionerler öýünde işleýärkä, ol hem ýykylyp aýagyny döwýär. Mari-Kleriň sag aýagyna, Klodyň bolsa, çep aýagyna gips goýdular. Klod degşip: «Biz ähli zady hemişe bile edýäris!» diýýär.

Klodyň aýagy gipsli bolsa-da, käbir işleri edip bilýärdi. Emma Mari-Kler birnäçe hepde öýden çykyp bilmedi. Mari-Kler missonerler öýünde 12 sany Mukaddes Ýazgylar okuwynyň dördüsini geçirip bilse-de, wagzyň başga görnüşlerini küýseýärdi. Şonuň üçin, ol missionerler öýüň öňünde oturyp, edebiýatlary stoluň üstüne goýup, geçýän adamlar bilen gürleşmegi ýüregine düwdi. Şeýdip, ol mart aýynda 83 sagat wagyz etdi. Ýehowa onuň tagallasyny ýalkadymy? Hawa, şol aý ol 14 kitap, 452 broşýura, 290 žurnal we 500-den gowrak traktat ýaýratdy.

Wengriýa (s. 59, 60)

Bir uýa hemişe süýt satyn alýar. Süýtli sumkany onuň haýatyna asyp gidýärdiler. Bir gün uýa süýdüň boş çüýşelerini sumka salyp, haýada asanda, onuň içine «Siz hakykaty bilesiňiz gelýärmi?» atly traktady hem salýar. Indiki gezek süýt getirýän aýal sumkanyň içine süýt bilen bile bir hat salýar. Ol hatynda traktada degişli birnäçe soraglar berýär hem-de Mukaddes Ýazgylar kitabyny haýyş edýär. Uýa haýal etmän şol aýalyň ýaşaýan ýerine ferma baryp, ideg edýär we onuň bilen «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap arkaly okuwa başlaýar. Öň süýtçi aýal soraglarynyň jogabyny bilmek üçin buthanalara ýüz tutupdy. Emma hiç hili kanagatlandyryjy jogap tapman, gaýtam, onuň soraglary öňküsinden-de köpelýär. Ol aýalyň gyzlarynyň biri hakykat bilen gyzyklananda, uýa oňa «Beýik Mugallymdan öwren» atly kitaby berýär. Süýtçi aýal gyzynyň öň gijelerine köplenç garabasyp turýanyny, şol kitabyň birnäçe baplaryny okanyndan soň bolsa, kän gorkman gowy ýatýandygyny gürrüň berýär. Häzir şol aýal iki gyzy bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýär we dynç günleri yzygiderli ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýar.

Täze Zelandiýa (s. 62, 63)

Iki uýa maşgala fondunyň döwlet edarasyna baryp, direktory bilen duşuşar ýaly gepleşdiler. Olar duşuşyga taýýarlananda, direktor üçin «maşgala bukjasyny», ýagny maşgalalara kömek edende gyzykly boljak edebiýatlary ýygnadylar. Şol bukja olar «Maşgala bagtynyň syry», «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» atly kitaplary, şeýle-de «Çagany terbiýelemegiň ýedi tapgyry» atly giriş makalaly 2007-nji ýylyň awgust aýynda çykan «Oýanyň!» žurnalyny we şol žurnalyň 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda çykan «Çagalaryňyzy goraň!» atly sanynyny saldylar.

Uýalar direktor bilen duşuşanda, biziň işimiz meýletin berilýän sowgatlar arkaly geçirilýändigini we maşgalalara, esasanam, ruhy taýdan kömek etmek isleýändigimizi düşündirdiler. Olar direktora edebiýatlary görkezdiler. Direktor olary diňläp, edebiýatlary aldy we edaradaky 35 işgärine bu barada gürrüň berjekdigini aýtdy. Şeýle-de ol «Oýanyň!» žurnalynyň makalalary 503 maşgala üçin peýdaly bolar diýdi. Uýalar 557 sany «Oýanyň!» žurnalyny ýygnadylar. Iki hepde geçensoň, žurnallaryň hemmesi maşgalalara paýlanandygyny uýalara jaň edip, habar etdiler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş