«Mukaddes Ýazgylar — taryhy taýdan dogry we ygtybarly pygamberlik kitaby»
Mukaddes Ýazgylaryň taryhy taýdan dogrudygyny näme subut edýär? Geçmişde pygamberlikleriň ýerine ýetendigi, gelejekde-de olaryň berjaý boljakdygyna bizi näme üçin ynandyrýar? «Mukaddes Ýazgylar — deliller we pygamberlik kitaby» (rus.) filminiň «Mukaddes Ýazgylar — taryhy taýdan dogry we ygtybarly pygamberlik kitaby» diýen 3-nji bölüminde bu soraglara jogap berilýär. Bu filme seredenden soňra, aşakdaky soraglara jogap berip bilermiň?
1. Mukaddes Ýazgylardaky maglumatlary kim berýär? (Dan. 2:28). 2. Hudaýyň Sözünde gadymy Müsür nähili suratlandyrylýar we Işaýa 19:3, 4-nji aýatlardaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi? 3. Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan Aşur patyşalygy, onuň hökümdarlary we şol patyşalygyň ýok edilmegi hakynda arheologiýa nämäni subut edýär? (Nah. 3:1, 7, 13). 4. Babyl baradaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi? (Ýerem. 20:4; 50:38; 51:30). 5. Midiýa hem Persiýa hakyndaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi? (Iş. 44:28). 6. Daniýel 7:6 we 8:5, 8-nji aýatlarda Gresiýa baradaky pygamberlik nädip berjaý boldy? 7. Rim dünýä imperiýasy bolanda, Daniýel 7:7-däki pygamberlik nädip ýerine ýetdi? 8. Mukaddes Ýazgylarda Rimiň haýsy hökümdarlary agzalýar? 9. Rimde Neron höküm sürende, mesihçilere näme boldy? 10. Ylham 13:11 we 17:10-da ýazylan pygamberlikler nädip ýerine ýetdi? 11. Sekizinji patyşa kim? 12. Filmde görkezilen haýsy wakalar Wagyzçy 8:9-daky sözleriň dogrudygyny subut edýär? 13. Sen gelejekde haýsy pygamberlikleriň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyň? 14. Sen şu film arkaly adamlara Mukaddes Ýazgylaryň awtory Hudaýdygyny nädip düşündirip bilersiň?