Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Iýul sah. 2—7
  • Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HUDAÝYŇ PATYŞALYGY HAÇAN HÖKÜM SÜRÜP BAŞLADY?
  • ISANYŇ HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASY BOLANDYGYNY NIREDEN BILÝÄRIS?
  • HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNYŇ DUŞMANLARY NÄDIP ÝOK EDILER?
  • ÝEHOWANYŇ HALAS ETJEKDIGINE ŞÜBHELENMÄŇ!
  • Mukaddes Kitabyň pygamberliklerini öwreniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Syýasy dawalar baradaky pygamberlik ýerine ýetýär
    Dürli temalar
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Iýul sah. 2—7

28-NJI MAKALA

Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!

«Dünýäniň patyşalygy Hudaýymyzyň we onuň Mesihiniň Patyşalygy boldy» (Ylh. 11:15).

22-NJI AÝDYM Hudaýyň Patyşalygy gelsin

MAZMUNYa

1. Biz nämä ynamly bolup bileris we näme üçin?

DÜNÝÄNIŇ ýagdaýy gün-günden erbetleşýär. Maşgala ojagynda söýgi sowaýar. Adamlar zalym, özüni bilýän we gaharjaň. Köp adamlar döwlet işgärlerine ynanmaýarlar. Häzir «soňky günlerde» adamlaryň gylyk-häsiýetleriniň erbetleşjekdigi hakdaky pygamberlik ýerine ýetýär (2 Tim. 3:1—5). Emma biz dünýäniň ýagdaýynyň gowulaşjakdygyna umyt edýäris. Akýürekli adamlar Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigi bilen razylaşsalar gerek! «Soňky günler» baradaky pygamberlik Isa Mesihiň Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy bolandygyny subut edýär. Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygy barada ýene-de köp pygamberlikler ýazylan. Şol pygamberlikleriň nädip ýerine ýetendigini bilsek imanymyz has-da berkär.

Bir adam suratyň soňky bölegini goýup dur. Surat beýik heýkeliň topugyna daş degenden soň näme boljakdygyny görkezýär. Şeýle-de Danyýar we Ylham kitabyndaky pygamberliklere düşünmäge kömek edýär. 1) Dagdan gopup gaýdan daş heýkeliň topugyna degýär. 2) Beýik agaç. 3) Dört at we olaryň çapyksuwarlary. 4) Ahlaksyz aýal gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň üstünde otyr.

«Danyýar» we «Ylham» kitabyndaky pygamberlikleri jikme-jik öwrensek, dünýäniň soňunyň Ýehowanyň bellän wagtynda geljekdigine ynamly bolup bileris (2-nji abzasa serediň).

2. Biz şu makalada näme hakda gürrüň ederis we näme üçin? (Daşky sahypadaky surata seredip jogap beriň).

2 Biz şu makalada Hudaýyň Patyşalygy baradaky pygamberlikleri we şu üç soragyň jogabyny bileris: 1) Hudaýyň Patyşalygy haçan höküm sürüp başlady? 2) Isanyň Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy bolandygyny näme subut edýär? 3) Hudaýyň Patyşalygy duşmanlary nädip ýok eder? Eger biz şu pygamberlikleri jikme-jik öwrensek, dünýäniň soňunyň Ýehowanyň bellän wagtynda geljekdigine ynamly bolup bileris.

HUDAÝYŇ PATYŞALYGY HAÇAN HÖKÜM SÜRÜP BAŞLADY?

3. Danyýar 7:13, 14-nji aýatlarda Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hakda nähili pygamberlik ýazylan?

3 Danyýar 7:13, 14-nji aýatlarda Isa Mesihiň Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy boljakdygy hakda pygamberlik ýazylan. «Ähli halklar» oňa höwes bilen tabyn bolarlar we onuň hökümdarlygy ebedi dowam eder. «Danyýar» kitabynda Isanyň ýedi döwürden soň Patyşa boljakdygy ýazylan. Pygamberlik haçan ýerine ýetdi?

4. Danyýar 4:10—17-nji aýatlar Isa pygamberiň haçan Patyşa bolandygyny anyklamaga nädip kömek edýär? (Çykgyda serediň).

4 Danyýar 4:10—17-nji aýatlary okaň. «Ýedi döwür» 2 520 ýyly öz içine alýar. «Ýedi döwür» b. e. öň 607-nji ýylda başlandy. Şol ýyl wawilonlylar Iýerusalimi basyp aldylar we Ýehowanyň bellän patyşasyny tagtdan agdardylar. Şondan soň Ýehowa «hak eýesi gelýänçä» hiç kimi patyşa bellemedi. «Ýedi döwür» 1914-nji ýylda tamamlandy we şol ýyl Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy edip Isa pygamber bellenildib (Hyz. 21:25—27).

5. Biz näme üçin «ýedi döwür» baradaky pygamberligi bilmeli?

5 «Ýedi döwür» hakdaky pygamberligi näme üçin bilmeli? Şu pygamberlik Ýehowanyň beren wadalaryny öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynamymyzy artdyrýar. Hudaýyň Patyşalygy barada aýdylan pygamberlik Ýehowanyň bellän wagtynda ýerine ýetdi. Biz Ýehowanyň aýdan pygamberlikleriniň ählisiniň öz wagtynda ýerine ýetjekdigine şübhelenmän bileris. Hawa, Ýehowanyň güni «gijä galmaz»! (Hab. 2:3).

ISANYŇ HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASY BOLANDYGYNY NIREDEN BILÝÄRIS?

6. a) Haýsy alamatlar Isanyň gökde Patyşa bolandygyny subut edýär? b) Ylham 6:2—8-nji aýatlarda soňky günlerde nähili wakalaryň boljakdygy ýazylan?

6 Isa pygamber ýer ýüzünde gulluk eden döwri soňky günleriň alamatlary hakda pygamberlik etdi. Akýürekli adamlar şol alamatlara syn edip, Isanyň gökde Patyşa bolandygyna düşünip bilerler. Ol käbir ýerlerde uruşlaryň, açlygyň, ýertitremeleriň, keselçiligiň we gyrgynçylygyň boljakdygyny pygamberlik etdi. Şu günler bütin ýer ýüzüne ýaýran koronawirus keseli (COVID-19) munuň hakykatdygyny subut edýär (Mat. 24:3, 7; Luka 21:7, 10, 11). Isa pygamberiň ölümden direlip göge galanyna 60 ýyldan gowrak wagt geçýär. Soňra ol Ýahýa resula görnüş arkaly soňky günlerde boljak zatlary görkezýär (Ylham 6:2—8-nji aýatlary okaň). Ýahýa resul dört sany atlyny görýär. Olaryň üçüsi: urşy, açlygy we gyrgynçylygy aňladýar. Soňky günler baradaky pygamberlikler 1914-nji ýylda Isa Mesih gökde Patyşa bolandan soň ýerine ýetip başlady.

7. Isa gökde Patyşa bolanyndan soň näme üçin ýer ýüzüniň ýagdaýy has-da erbetleşdi?

7 Isa gökde Patyşa bolandan soň dünýäniň ýagdaýy näme üçin erbetleşdi? Ylham 6:2-ä görä, Isa gökde Patyşa bolanyndan soň Şeýtan we onuň jynlary bilen söweşmelidi. Ylham 12-nji bapda bolsa Şeýtanyň ýeňlendigi we ýer ýüzüne zyňlandygy aýdylýar. Onuň ýeňlenine jany ýanyp bar gaharyny adamlardan çykarýar (Ylh. 12:7—12).

Är-aýal täzeliklerden graždanlyk urşy barada görýärler. Olaryň öňünde Mukaddes Kitap we edebiýatlarymyz bar.

Biz erbet täzelikleri eşidenimizde ýa-da görenimizde begenmeýäris, emma pygamberlikleriň ýerine ýetýändigi Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine ynamymyzy artdyrýar (8-nji abzasa serediň).

8. Biz näme üçin soňky günler baradaky pygamberlikleri bilmeli?

8 Soňky günler hakdaky pygamberligi näme üçin bilmeli? Soňky günlerde dünýäniň ýagdaýy we adamlaryň gylyk-häsiýeti gün-günden erbetleşýär. Şu zatlar Isanyň gökde höküm sürüp başlandygyny subut edýär. Biz şu günler özüni bilýän we zalym adamlary görenimizde ruhdan düşmeýäris, sebäbi Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigine düşünýäris. Dogrudan-da, Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär! (Zeb. 37:1). Armageddon golaýlaşdygyça dünýäniň ýagdaýy has-da erbetleşer (Mar. 13:8; 2 Tim. 3:13). Biz söýgüden doly gökdäki Atamyza örän minnetdar, sebäbi ol kynçylyklaryň näme üçin köpelýändigini düşündirýär.

HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNYŇ DUŞMANLARY NÄDIP ÝOK EDILER?

9. Danyýar 2:28, 31—35-nji aýatlara görä, Isa gökde Patyşa bolanda haýsy imperiýa höküm sürýärdi?

9 Danyýar 2:28, 31—35-nji aýatlary okaň. Danyýaryň aýdan pygamberlikleri şu günler ýerine ýetýär. Nawuhodonosor patyşa düýşünde «soňky günleri», ýagny Isanyň höküm sürjek günlerinde nämeleriň boljakdygyny görýär. Nawuhodonosor patyşa düýşünde beýik heýkel görýär. Heýkeliň topukdan aşagy «demir bilen toýun garyşyklydy». Ol ýer ýüzünde höküm sürjek iň soňky dünýä imperiýasyny aňladýar. Ol Birinji jahan urşunda Beýik Britaniýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ylalaşyk baglaşmagy bilen döreýär. Danyýaryň pygamberligine görä, soňky imperiýa öňki dünýä şalyklaryndan iki zatda tapawutlanýar.

10. a) Danyýar Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy hakda nähili pygamberlik etdi? b) Biz näme etmeli däl? («Toýna garyşmaň!» diýen çarçuwa serediň).

10 Birinjiden, öňki patyşalyklar heýkeliň altyn we kümüş bölegine meňzedilen bolsa, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy onuň demir bilen toýun garyşykly bölegine meňzedilýär. Toýun halk köpçüligini aňladýar (Dan. 2:43). Adamlar saýlawlara gatnaşyp, gozgalaň turzup, zähmet haklaryny we adam hukuklaryny talap edip, döwlet ýolbaşçylaryna demir ýaly berk bolmaga päsgel berýärler.

Toýna garyşmaň!

Danyýaryň görnüşde gören beýik heýkeliniň demir we toýun garyşykly aýagy. Onuň daş-töwereginde gozgalaňçylar, polisiýa işgärleri bar. Şeýle-de döwlet ýolbaşçylary ýygnak geçirýär we BMG-nyň agzalary dur.

Danyýaryň gören beýik heýkeliniň topukdan aşagyndaky toýun sada, garamaýak adamlary aňladýar. Olar ýolbaşçylara we olaryň gelýän kararlaryna täsir edýärler (Dan. 2:41—43). Olar bize hem täsir edip bilerlermi? Elbetde! Biz «ýüregimizi goramasak» syýasata goşulyp, Ýehowa wepaly bolup bilmeris. Meselem, gozgalaňçylary goldamagymyz ýa-da syýasy dawalara goşulmagymyz mümkin (Nak. 4:23; 24:21). Biz şu dünýäniň hökümdarynyň Şeýtandygyny unutmasak bitaraplygymyzy saklap bileris (1 Ýah. 5:19). Hawa, diňe Hudaýyň Patyşalygy ähli zady düzedip biler (Zeb. 146:3—5).

11. Angliýa-Amerika dünýä imperiýasynyň höküm sürýändigi soňky günlerde ýaşaýandygymyzy nädip subut edýär?

11 Ikinjiden, heýkeliň topukdan aşagyny aňladýan Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy iň soňky patyşalyk bolar. Armageddon söweşinde Hudaýyň Patyşalygy Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny we ähli ynsan hökümetlerini ýer ýüzünden ýok ederc (Ylh. 16:13, 14, 16; 19:19, 20).

12. Biz heýkel hakdaky pygamberligi näme üçin bilmeli?

12 Biz heýkel hakdaky pygamberligi näme üçin bilmeli? Danyýaryň heýkel hakdaky pygamberligi soňky günlerde ýaşaýandygymyzy subut edýär. Danyýar pygamber 2 500 ýyl mundan öň Wawilondan soň Hudaýyň halkynyň üstünden agalyk etjek dört patyşalygyň geljekdigi hakda aýdýar. Şeýle-de ol iň soňky imperiýa Angliýa-Amerikanyň Isanyň gökde Patyşa bolan döwri hökümdarlyk etjekdigini düşündirýär. Şu pygamberligiň ýerine ýetýändigini görmek bize göwünlik berýär we imanymyzy berkidýär. Tizden Hudaýyň Patyşalygy ähli ynsan hökümetlerini ýok eder we bütin ýer ýüzüniň üstünden höküm sürer (Dan. 2:44).

13. Ylham 17:9—12-nji aýatlarda aýdylýan «sekizinji patyşa» hem-de «on patyşa» nämäni aňladýar we şol pygamberlik nädip ýerine ýetdi?

13 Ylham 17:9—12-nji aýatlary okaň. Birinji jahan urşunda köp adamlar gyryldy we soňky günler hakdaky ýene bir pygamberlik ýerine ýetdi. Syýasy ýolbaşçylar bütin ýer ýüzünde adamlaryň parahat ýaşamagyny islediler. Olar 1920-nji ýylyň ýanwarynda Milletler Ligasyny döretdiler. 1945-nji ýylyň oktýabrynda bolsa Milletler Ligasyna derek Birleşen Milletler Guramasyny (BMG) döretdiler. Mukaddes Kitapda şol gurama «sekizinji patyşalyk» diýilýär, emma ol dünýä imperiýasyny aňlatmaýar. BMG-ny ençeme döwletler goldaýar. Mukaddes Kitapda şol döwletlere «on patyşa» diýilýär.

14, 15. a) Ylham 17:3—5-nji aýatlarda «Beýik Wawilon» hakda nähili pygamberlik ýazylan? b) Ýewfrat derýasynyň gurajakdygy hakdaky pygamberlik nädip ýerine ýetýär?

14 Ylham 17:3—5-nji aýatlary okaň. Ýahýa resul görnüşde ahlaksyz aýaly görýär. Oňa «Beýik Wawilon» diýilýär. «Beýik Wawilon» ýalan dinleriň dünýä imperiýasyny aňladýar. Ýalan dinler köp wagtdan bäri syýasy guramalary goldaýar we olara ak pata berýär. Tizden «on patyşa», ýagny syýasy ýolbaşçylar ähli ýalan dinleri ýok eder. Şeýle etmegi «olaryň ýüregine Hudaý guýar» (Ylh. 17:1, 2, 16, 17).

15 Biz Beýik Wawilonyň tizden ýok ediljekdigine näme üçin ynamly bolup bileris? Gadymy Wawilon şäheriniň töwereginden Ýewfrat derýasy akyp geçýärdi. Şol sebäpli ony basyp almak kyndy. «Ylham» kitabynda ýalan dinleriň dünýä imperiýasy bolan Beýik Wawilony goldaýan adamlar «suwa» meňzedilýär (Ylh. 17:15). Ýewfrat derýasynyň gurajakdygy hakdaky pygamberlik ýalan dini goldaýan adamlaryň gün-günden azaljakdygyny aňladýar (Ylh. 16:12). Şu günler köp adamlaryň dinlerden göwni geçip, tesellini başga ýerden gözleýärler.

16. Biz «Ylham» kitabyndaky pygamberlikleri näme üçin bilmeli?

16 «Ylham» kitabyndaky pygamberlikleri näme üçin bilmeli? Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegi we ýalan dini goldaýan adamlaryň gün-günden azalmagy soňky günlerde ýaşaýandygymyzy subut edýär. Ýalan dinler Ýewfrat derýasynyň göçme manyda guramagy, ýagny köp adamlaryň ondan ýüz öwürmegi bilen ýok bolup gitmez. Ýehowa ýalan dinleri ýok etmegi «on patyşanyň», ýagny BMG-ny goldaýan döwletleriň «ýüregine guýar». Ýalan dinler duýdansyz ýok ediler we ähli adamlar aňk-taňk bolard (Ylh. 18:8—10). Beýik Wawilon ýok edilende bütin ýer ýüzi sarsar we köp kynçylyklar dörär, emma Hudaýyň halky begener. Sebäbi şu zalym dünýä ýok ediler we biziň gutulyş günümiz golaýlaşar (Luka 21:28).

ÝEHOWANYŇ HALAS ETJEKDIGINE ŞÜBHELENMÄŇ!

17, 18. a) Imanymyzy berkitmek üçin näme etmeli? b) Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

17 Danyýar «hakyky bilimiň hem artjakdygy» hakda pygamberlik etdi. Şu pygamberlik biziň günlerimizde ýerine ýetýär (Dan. 12:4, 9, 10). Muny görmek biziň imanymyzy berkidýär we Mukaddes Kitaba ynamymyzy artdyrýar (Işa. 46:10; 55:11). Biz Mukaddes Kitapdan çuňňur gözleg geçirip imanymyzy has-da berkitmeli we adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmeli. Ýehowa bil baglaýanlar halas bolarlar we «asuda hem parahat ýaşarlar» (Işa. 26:3).

18 Indiki makalada mesihçiler ýygnagyna degişli Mukaddes Kitapda ýazylan käbir pygamberlikler hakda gürrüň ederis. Şol pygamberlikler soňky günlerde ýaşaýandygymyzy subut edýär. Şeýle-de Patyşamyz Isanyň nädip ýolbaşçylyk edýändigini bileris.

ŞU AÝATLARDAKY PYGAMBERLIKLER HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNYŇ HÖKÜM SÜRÝÄNDIGINI NÄDIP SUBUT EDÝÄR?

  • Danyýar 4:10—17

  • Ylham 6:2—8

  • Danyýar 2:28, 31—35; Ylham 17:3—5, 9—12

61-NJI AÝDYM Şaýatlar, öňe!

a Biz adamzat taryhynda hiç haçan gaýtalanmajak döwürde ýaşaýarys. Mukaddes Kitapda pygamberlik edilişi ýaly, şu günler Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär. Biz makalada käbir pygamberlikler hakda gürrüň ederis. Olar bize howsala düşmezlige, Ýehowa iman etmäge, şu günler we gelejekde Oňa bil baglamaga kömek eder.

b «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 32-nji sapagynyň 4-nji sözbaşysyny okaň we jw.org saýtyndan «1914-nji ýyldan bäri Patyşalyk höküm sürýär» diýen wideony görüň.

c Köpräk bilmek üçin «Garawul diňi» žurnalyny okap bilersiňiz (w12 15/6 sah. 14—19).

d Köpräk bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!» kitabynyň 21-nji babyny okap bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş