Syýasy dawalar baradaky pygamberlik ýerine ýetýär
Şu günler köpleriň syýasy meselelerde pikiri deň gelmeýär. Adamlar hökümetiň çykarýan kanunlary bilen razylaşmaýar. Olar närazylygyny gahar-gazap bilen aýdýarlar. Kanun çykaryjylar we hökümet işgärleri hem özara ylalaşmaýar, hersi öz pikirini öňe sürýär. Şeýle düşünişmezlikler sebäpli ýurtda syýasy dawalar bolýar. Şonuň üçin hem hökümet ýolbaşçylary döwleti bolmalysy ýaly dolandyryp bilmeýär.
Esasanam, ABŞ bilen Angliýada (oňa Beýik Britaniýa hem diýilýär) bolýan syýasy dawalar has köp ünsüňi çekýär. Sebäbi Mukaddes Kitapda şu iki döwletde syýasy dawalar bolup durka, Hudaýyň Patyşalygynyň gelip ýer ýüzüniň ýagdaýyny düzetjekdigi pygamberlik edilýär.
«Soňky günlerde» bolýan syýasy dawalar
Mukaddes Kitapda üýtgeşik pygamberlik aýdylýar. Şol pygamberlikde Allatagala Danyýara «soňky günlerde» adamzadyň durmuşyny düýpgöter üýtgetjek wakalaryň boljakdygyny mälim etdi (Danyýar 2:28).
Şu pygamberligi Wawilonyň patyşasy düýşünde görýär. Ol düýşünde dürli metallardan ýasalan beýik heýkeli görýär. Soňra Danyýar pygamber oňa şol heýkeliň kellesinden tä aýagyna çenli näme aňladýandygyny düşündirýär. Äpet heýkel bütin adamzat taryhynyň dowamynda höküm sürýän dünýä imperiýalaryny aňladýara. Iň soňunda Hudaýyň gökdäki Patyşalygyny aňladýan daş gelip, heýkeli çym-pytrak edýär (Danyýar 2:36—45).
Pygamberlige görä, Hudaýyň Patyşalygy ähli adamzat hökümetlerini ýok edip, ýerine özi höküm sürer. Isa şägirtlerine «Patyşalygyň gelsin» diýip doga etmegi öwredende-de, şol barada aýdypdy (Matta 6:10).
Pygamberligiň niresinde syýasy dawalar barada aýdylýar? Üns beren bolsaňyz, heýkeliň «topukdan aşagy demir bilen toýun garyşyklydy» (Danyýar 2:33). Heýkeliň başga ýerleri topugy ýaly garyşykly däldi. Diýmek, beýleki dünýä imperiýalaryndan tapawutlanýan bir imperiýa döremelidi. Danyýaryň pygamberliginde şeýle diýilýär:
Pygamberlige görä, heýkeliň aýagyny aňladýan dünýä imperiýasynda syýasy dawalar bolmaly. Şol ýurtda ýaşaýan garamaýak halk patyşalyga berk bolmaga päsgel berer.
Danyýaryň pygamberligi şu günler ýerine ýetýär
Heýkeliň topugyndan aşagy häzirki iki güýçli hökümeti, ýagny ABŞ bilen Angliýany aňladýar. Soňky günlerde bolýan zatlar munuň dogrudygyny görkezýär.
Heýkeliň topugyndan aşagy «demir bilen toýun garyşyklydy». Demir bilen toýuny garyşdyrsaň berk bolmaýar (Danyýar 2:42). Edil şonuň ýaly, ABŞ bilen Angliýanyň öz raýatlary olara berk bolmaga päsgel berýär. Meselem, iki döwletiň hem raýatlary özara oňuşman, agzalalyk döredýärler. Şeýle-de hökümetden hak-hukugyny talap edip gozgalaň turuzýarlar. Hatda halkyň öz saýlan hökümet ýolbaşçylary hem köp meselede olary razy edip bilenok. Ýurduň içinde bolýan dawa-jenjeller sebäpli ABŞ bilen Angliýanyň ýolbaşçylary ýurdy isleýşi ýaly dolandyryp bilmeýärler.
Danyýar 2-nji bapda birnäçe hökümetler hakda pygamberlik edilýär
Geliň, Danyýaryň pygamberligindäki käbir jikme-jikliklere seredip, olaryň şu günler nädip ýerine ýetişini bileliň.
Pygamberlik: «Ol bölünen patyşalygy aňladýar. Onda biraz demriň berkligi bolar» (Danyýar 2:41).
Manysy: ABŞ bilen Beýik Britaniýanyň raýatlary ýurduň içinde bölünişik döretse-de, olaryň ikisiniň hem harby goşuny örän güýçli. Şonuň üçin olaryň özüne göwni ýetip, demir ýaly berk güýjüni görkezýärler.
Ýerine ýetişi
2023-nji ýylda her döwletiň öz harby güýçleri üçin näçeräk pul harçlandygy hakda sanaw düzüldi. Şol sanawa görä, ABŞ bilen Beýik Britaniýa bilelikde harby goşunyna iň köp pul harçlan 12 ýurtdan hem has köp pul sarp etdi (Stokgolmyň dünýädäki dawalary çözmek hakda barlag geçirýän instituty).
«ABŞ bilen Beýik Britaniýa ýurtlarynyň howpsuzlygyny saklamak üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Başga hiç bir döwlet olar ýaly ýakyndan işleşmeýär. Olar soňky çykan tehnologiýalary ulanýarlar... Biz eginme-egin işleşýäris, birek-biregi goldaýarys, bilelikde söweşýäris» (Beýik Britaniýanyň goranmak ministrliginiň strategik ýolbaşçylygy, Aprel, 2024).
Pygamberlik: «Barmaklaryň demir bilen toýun gatyşykly bolmagy patyşalygyň bir tarapdan güýçli, beýleki tarapdan gowşak boljakdygyny aňladýar» (Danyýar 2:42).
Manysy: ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň güýçli harby goşuny bolsa-da, olar demokratik döwlet bolansoň, hökümet ýolbaşçylary ýurtda islän zadyny edip bilmeýär. Raýatlarynyň köpüsi haýsydyr bir meselede närazydygyny aýtsa, hökümetlere öňünde goýýan maksatlaryny amala aşyrmak kyn bolýar.
Ýerine ýetişi
«Käbir syýasat boýunça hünärmenleriň aýtmagyna görä, döwlet işgärleriniň arasynda bolýan bölünişikler sebäpli ABŞ isleýşi ýaly hereket edip bilmeýär. Ol başga ýurtlara howpsuzlygy saklamak ýa-da söwda-satyk ýaly meselelerde diýenini etdirip bilmeýär» («The Wall Street» žurnaly).
«Beýik Britaniýada öň hiç haçan bolmadyk, köp syýasy dawalar bolýar. Şeýle zatlar syýasy ýolbaşçylar üçin böwet bolýar. Netijede, hökümet işgärleri raýatlaryna kömek etmek üçin gerekli özgerişlikleri edip bilmeýär» (Döwlet Instituty).
Pygamberlik: «Olar (patyşalyk)... garamaýak halk bilen garyşar. Ýöne... agzybir bolup bilmezler» (Danyýar 2:43, çykgyt).
Manysy: Demokratik döwletlerde garamaýak halk ýurtda bolýan zatlara belli bir derejede sözüni ýöredýär. Emma hökümet işgärleri we saýlawçylar olaryň gelýän kararlarynyň netijesinden nägile bolýar.
Ýerine ýetişi
«Şu günler Amerikanyň raýatlarynyň köpüsi syýasatçylardan we olaryň edýän işlerinden hemişe nägile bolýarlar» (Pýu gözleg-barlag merkezi).
«Soňky 50 ýyla garanyňda, häzir Britaniýanyň halky hökümete we syýasy ýolbaşçylara känbir ynanmaýar» (Gözleg-barlag geçirýän döwlet merkezi).
Danyýaryň pygamberligi gelejekde nädip ýerine ýeter?
Danyýaryň pygamberligine görä, Hudaýyň Patyşalygy ähli ynsan hökümetlerini ýok etmäge gelende, Angliýa-Amerika patyşalygy iň soňky dünýä imperiýasy bolar (Danyýar 2:44).
Ylham kitabynda-da şol döwürde boljak wakalar ýazylan. Mukaddes Kitapda «bütin ýer ýüzüniň patyşalary» Ýehowab Hudaýa garşy çykjakdygy aýdylýar. Olar «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde boljak söweşe», ýagny Armageddon söweşine ýygnanarlar (Ylham 16:14, 16; 19:19—21). Bu söweşde Ýehowa ähli ynsan hökümetlerini ýok eder. Şondan soň dünýä patyşalyklarynyň ýekejesi hem bolmaz. Danyýaryň görnüşde gören heýkeli çym-pytrak bolar.
Köpräk bilmek üçin «Armageddon söweşi näme?» atly makalany okaň.
Danyýaryň pygamberligine düşünmegiň peýdasy
Mukaddes Kitapda ABŞ bilen Beýik Britaniýada syýasy dawalaryň boljakdygy hakda pygamberlik edilen. Bu barada öwrensek, dünýäde bolýan wakalara başgaça göz bilen serederis.
Siz Isanyň şägirtlerine näme üçin syýasy dawalarda bitaraplygy saklamagy tabşyrandygyny bilersiňiz (Ýahýa 17:16). Şeýle-de Isanyň näme üçin «Meniň Patyşalygym şu dünýäden däl» diýendigine düşünersiňiz (Ýahýa 18:36).
Siz Allatagalanyň sözünde durup, tizden Patyşalygy arkaly ähli erbetligi aýyrjakdygyna we adamlary eşretli durmuşda ýaşatjakdygyna asla şübhelenmersiňiz (Ylham 21:3, 4).
Siz güýçli hökümetleriň özara çaknyşyklary sebäpli ýer ýüzi ýok bolarmyka diýip alada etmersiňiz. Gaýtam ýagty gelejege umydyňyz bolar (Zebur 37:11, 29).
Danyýaryň gören görnüşindäki heýkeliň aýagyny aňladýan Angliýa-Amerika soňky dünýä patyşalygy bolar. Ol ýok edilensoň, diňe Hudaýyň Patyşalygy höküm sürer.
Hudaýyň Patyşalygynyň adamlara eçiljek bereketleri barada bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygy näme?» atly wideony görüň.
a «Danyýaryň pygamberliginde haýsy dünýä patyşalyklary barada aýdylýar?» atly çarçuwa serediň.
b Ýehowa Hak Hudaýyň ady (Zebur 83:18). «Ýehowa kim?» atly makalany okaň.