Sen Makedoniýa gelip bilermiň? (yb10)
Albaniýa
«Öz ýurdumda men has gowy iş tapdym»
ARDIAN TUTRA
DOGULDY: 1969 ýylda
SUWDA ÇOKUNDYRYLDY: 1992 ýylda
GYSGAÇA MAGLUMATLAR: Ardian hakykaty Italiýada eşidýär we soňra Albaniýa dolanyp barýar. Häzir ol Albaniýadaky filialyň komitetiniň agzasy.
◼ Men 1991-nji ýylda müňlerçe gaçgaklar bilen Albaniýadan gaýdanymda 21 ýaşymdady. Biz şonda Italiýa barýan gämini ele alypdyk. Albaniýada ýaşaýyş gaty kyndy, şonuň üçin ol ýerden gaçmaga mümkinçiligiň döränine diýseň begendim. Men şonda: «Ahyry arzuwyma ýetdim» diýipdim.
Men Italiýanyň Brindizi şäherinde iki gün geçirensoň, gaçgaklaryň lagerinden çykyp, iş gözlegine gitdim. Şol günüň özi bir adam maňa alban dilinde hoş habaryň çap edilen kiçijik nusgasyny berip, günortandan soň boljak ýygnak duşuşygyna çagyrdy. Men öz içimden: «Gitmän näme? Belki-de, ol ýerde maňa iş tapyp bererler!» diýipdim.
Ol ýerde meni şeýle mähirli garşylarlar öýtmändim. Patyşalyk zalynda duşuşykdan soň her kim ýanyma gelip, meniň bilen ýürekden gyzyklandy. Maşgalalaryň biri meni agşamlyk naharyna çagyrdy. Olar Albaniýadan bikanun gelen sölpi gaçgagy, gör, nähili sylap, mährem garşy aldylar!
Indiki ýygnak duşuşygynda Wito Mastrorosa maňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürledi. Men razylaşdym we tiz wagtdan öwrenýän zatlarymyň hakykatdygyna göz ýetirdim. 1992-nji ýylda men Italiýada suwda çokundyryldym.
Ahyry maňa Italiýada ýaşamaga rugsat berýän resminamalar düzeldi. Men gowy işe ýerleşip, Albaniýa maşgalama pul ýollaýardym. Emma men oýlanyp başlapdym: «Indi Albaniýada wagyz işi rugsat edilýär, ol ýerde wagyzçylar hem gaty az. Men öýüme dolanyp, şol ýerde wagyz etsemmikä? Maşgalam muňa näme diýer? Men işläp, olara pul ýollamaly ahyryn? Adamlar muňa näme diýer?»
Maňa Tiranidäki filialdan jaň edip, şol ýylyň noýabrynda Albaniýa geljek italiýaly ýörite pionerlere alban dilini öwretmek üçin öz ýurduma dolanmagy teklip etdiler. Şol pionerleriň göreldesi meni oýlandyrdy. Olar meniň terk edip gaýdan ýerime barýardy. Alban dilini bilmeseler-de, olar şol ýere gitmegi höwes edýärdi. Meniň milletim alban, öz dilimi we medeniýetimi gowy bilip-de, Italiýada näme işläp ýörün diýsene!
Ýurduma dolanmak kararyna gelip, ýörite pionerler bilen gämä mündüm. Men baran badyma kiçijik Beýtelde gulluk edip başladym. Her gün irden alban dilini öwredýärdim, günortandan soň terjimeçilik işini edýärdim. Ilki bada meniň maşgalam muny halamady. Ýöne meniň näme üçin Albaniýa dolanyp gelendigimi bilenlerinde, olar hoş habar bilen gyzyklanyp başladylar. Tiz wagtdan, meniň ejem bilen kakam, iki uýam we erkek doganym suwda çokundyryldy.
Italiýadaky işimi we gazanjymy taşlap gaýdanyma men asla ökünmeýärin! Öz ýurdumda men has gowy iş tapdym. Ýehowa barym bilen gulluk edip, hakykatdan-da wajyp işi ýerine ýetirýärin, bu maňa tükeniksiz şatlyk berýär!
Beliz
Wagyzçylaryň az ýerinde şatlanyp gulluk edýäris
◼ Hoş habarçylaryň az ýerine göçmek wagyzçylar üçin wajyp ädim. Emma ol ýerde ýyllar boýy ýaşap wagyz etmek üçin köp tagalla edip, janaýamaz bolmak gerek. Ençeme dogan-uýalar şeýle kynçylyklaryň öňünde şatlygyny ýitirmän, mert durdular.
Meselem, 1989-njy ýylda Artur we Roberta Gonsales 3 ýaşly ogly Dolton bilen Amerikadan Beliza wagyz etmek üçin geldiler. Roberta şeýle diýýär: «Has agyr düşen zat, aýlygy gowy tölenýän işi taşlap, adamlaryň işsizlikden kösenýän ýurduna gelip ýaşamakdy».
Onuň sözüni tassyklap, Artur şeýle diýýär: «Hawa, şeýle ýagdaýda Ýehowa bil baglamaly. Mukaddes Ýazgylarda Ybraýymyň öz öýüni, dogan-garyndaşlaryny we öwrenişen durmuşyny goýup gaýdandygy hakynda okanymda, haýran galýaryn. Ýöne Ýehowa onuň aladasyny edýärdi. Belizde bize kyn düşen zatlaryň birisi — kreol diline öwrenişmekdi. Emma biz Ýehowa bil baglaýardyk, Ol hem biziň aladamyzy edýärdi».
◼ 1991-nji ýylda Frenk bilen Elis Kardosa pioner bolup gulluk etmek üçin Kaliforniýadan Belize geldi. Frenk şeýle diýýär: «Resullaryň işleri kitaby mende missioner bolmaga höwes döretdi. Emma 4 çagamyzyň bardygy sebäpli, bizi hiç haçan Gilead mekdebine çagyrmajaklaryny bilýärdim. Şonuň üçin, körpe gyzymyz mekdebi tamamlanyndan soň, başga ýurda göçmäge mümkinçilik döredi. «Garawul diňi» (rus.) žurnalynda Beliz hakynda okanymyzda, biz şol ýere gitmäge karara geldik».
Elis şeýle diýýär: «Men başda 3 ýyllyk göçmäge razylaşdym. Ýöne biz eýýäm 18 ýyl bäri Belizde ýaşaýarys. Men muňa hiç ökünmeýärin!»
Frenk hem şeýle diýýär: «Biz adamlary söýýäris we olara wagyz etmegi gowy görýäris. Şonuň üçin Ýehowany söýýänler bilen ýakyndan tanyşmak bize kyn düşmeýär. Biz ençeme adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap, olaryň hoş habary kabul edişini gördük. Bu durmuşumyzyň iň gowy ýyllary boldy. Biz hormatly gullugymyzy dünýäniň hiç bir baýlygyna-da çalyşmazdyk».
◼ 1988-nji ýylda Karl bilen Marta Saýmonz Tehasdan Belize geldiler. Marta şeýle gürrüň berýär: «Belize göçüp gelenimizde çagamyzyň biri 10, beýlekisi 8 ýaşyndady. Biz ýygnagyň wagyzçylary bilen uzakly gün gür tokaýlykda ýerleşýän obalarda wagyz edýärdik. Şeýle-de biz kongres geçirilýän zalyň gurluşygyna gatnaşdyk. Biziň öýümiz hemişe kongrese gelýän dogan-uýalardan dolýardy. Çagalarymyzy Belizde ýetişdirendigimize gaty begenýäris, sebäbi bu ýerde olar ýörite pionerler we missionerler bilen gatnaşyk edýärdi. Elbetde, elektrik togunyň, suwuň, batareýanyň we telefonyň bolmaýan döwri uçara münüp, bu ýerleri terk edip gidesiň gelýän wagty hem bolýardy. Ýöne şeýle kynçylyklara garamazdan, biz ýene-de wagyzçylaryň az ýerine gitmek üçin durmuşymyzda özgerişler etmäge taýýar. Wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edip, biz durmuşymyzy has gyzykly geçirdik».