Hudaýyň Sözünden öwrenýäris?
1. Hudaý kim?
Hak Hudaý ähli zadyň Ýaradyjysy. Mukaddes Ýazgylarda Oňa: «Döwürleriň Patyşasy» diýilýär. Bu onuň başlangyjynyň ýokdugyny we soňunyň bolmajakdygyny aňladýar (1 Timoteos 1:17). Hudaý ýaşaýşyň gözbaşy bolany üçin, biz diňe oňa sežde etmeli (Ylham 4:11-i okaň).
2. Hudaý nähili şahsyýet?
Hudaýy hiç bir adam görüp bilmeýär, sebäbi Ol ruhy şahsyýet. Onuň bedeni ýerde ýaşaýan ähli maddy görnüşde ýaradylanlardan gaty tapawutlanýar (Ýahýa 1:18; 4:24). Hudaýyň häsiýetlerini Onuň ýaradan zatlaryndan görüp bolýar. Meselem, haçan-da biz ir-iýmişleriň hem-de gülleriň gurluşyna we görnüşlerine seredenimizde, Hudaýyň söýgüsini hem-de akyldarlygyny görýäris. Älemiň tükeniksizligi bolsa, Onuň güýjüni aýan edýär (Rimliler 1:20-ni okaň).
Mukaddes Ýazgylardan Hudaý hakda başga-da zatlary bilse bolýar. Meselem, Oňa nämäniň ýarap, nämäniň ýaramaýandygyny, adamlar bilen özüni nädip alyp barýandygyny we dürli ýagdaýlarda nähili hereket edýändigini bilip bilýäris.
3. Hudaýyň ady barmy?
Isa şeýle diýdi: «Eý göklerdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun» (Matta 6:9). Hudaýyň tituly köp bolsa-da, Onuň ýeke-täk ady bar. Dürli dillerde ol dürlüçe aýdylýar. Türkmen dilinde biz Oňa «Ýehowa» diýýäris (Zebur 8:1-i okaň).
Hudaýyň ady Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinden aýrylyp, onuň ýerine Reb ýa-da Hudaý titullary goýuldy. Emma Hudaýyň Sözi ilki başda ýazylan wagty, Hudaýyň ady onda 7000 töweregi gezek duş gelýärdi. Isa pygamber Mukaddes Ýazgylary düşündirende, adamlara Hudaýyň adyny aýan edýärdi. Ol adamlara Hudaýy tanamaga kömek edýärdi (Ýahýa 17:26-ny okaň).
4. Ýehowa biziň aladamyzy edýärmi?
Ýehowa her birimiziň dogamyzy diňläp, biz bilen içgin gyzyklanýandygyny görkezýär (Zebur 65:2). Dünýäde ejir çekmeleriň köpdigi, Hudaýyň biziň aladamyzy etmeýändigini aňladýarmy? Käbir adamlar: «Hudaý bizi synamak üçin ejir çekdirýär» diýýär. Ýöne bu beýle däl. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Rebbimiz gönüdir... Onda egrilik ýokdur» (Zebur 92:14, 15; Ýakup 1:13-i okaň).
Hudaý adamlara erkinlik berdi. Biz erkinligimizi Hudaýa gulluk etmek üçin ulanmak islemeýärismi? (Kanun taglymaty 30:19). Ejir çekmeler adamlaryň biri-birine erbetlik edýändigi sebäpli köpeldi. Ýehowa şeýle adalatsyzlygy görüp, gynanýar (Gelip çykyş 6:5, 6-njy aýatlary okaň).
Basym Ýehowa Isa pygamber arkaly ejir çekmeleri we olaryň sebäpkärlerini ýok eder. Häzirlikçe Hudaýyň horluklara wagtlaýyn ýol bermegine degerli sebäp bar. Biz indiki gezek Hudaýyň näme üçin ejir çekmelere ýol berýändigine serederis (Zebur 37:9—11-nji aýatlary okaň).
5. Hudaý bizden nämä garaşýar?
Ýehowa bizi Özüni tanamak we Ony söýmek ukyby bilen ýaratdy. Ol biziň Özi hakda hakykaty bilmegimizi isleýär (1 Timoteos 2:4). Biz Mukaddes Ýazgylary öwrensek, Hudaýy dostumyz ýaly tanarys (Süleýmanyň tymsallary 2:4, 5-nji aýatlary okaň).
Ýehowa bize ýaşaýyş berdi, şonuň üçin biz ony hemmeden beter söýmeli. Biz Hudaýa doga edip, onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirsek, Ony söýýändigimizi görkezeris (Süleýmanyň tymsallary 15:8). Ýehowa biziň başgalary hem söýmegimizi talap edýär (Markus 12:29—31 we 1 Ýahýa 5:3-nji aýatlary okaň).