Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 2/11 sah. 5—6
  • Albaniýa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Albaniýa
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Sözbaşylar
  • Ýeke galan owlak tapyldy
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 2/11 sah. 5—6

Ýehowa wepaly gullukçylaryny terk etmez (yb10)

Albaniýa

Albaniýadaky doganlar ýagdaýyň gaty kynlaşandygy hakynda habar berseler-de, Ýehowa wepaly galjakdygyny aýdýardylar. Bruklinde ýerleşýän bütindünýä baş edarasy Albaniýadaky doganlar bilen aragatnaşygy ýola salmak üçin, yzyny üzmän tagalla baryny edýärdi. Albaniýanyň günortasynda doglan, ýöne Amerikada ýaşaýan Jon Marks atly dogana Albaniýa gitmek üçin wiza almagyny haýyş etdiler.

Jona Albaniýa gitmek üçin wiza almak bir ýarym ýyldan soň başartdy. Emma onuň aýaly Helene wiza berilmändi. 1961-nji ýylyň fewralynda Jon Durrese gelip, Tirane şäherine ýola düşdi. Şol ýere baryp, aýal dogany Melpo bilen duşuşdy. Melpo hem şonda hakykat bilen gyzyklanypdy. Şol günüň ertesi Melpo Jona Albaniýadaky doganlar bilen duşuşmaga kömek etdi.

Jon doganlar bilen uzak gürleşip, olara çemodanynyň gizlin ýerine salyp getiren edebiýatlaryny berdi. Doganlar diýseň begenipdi. Olar 24 ýyl bäri başga ýurtly doganlar bilen görüşmändiler.

Jonyň hasabyna görä Albaniýanyň bäş şäherinde 60 sany, kiçiräk obalarda bolsa birnäçe dogan bardy. Tiranedäki doganlar her hepdäniň dynç günleri gizlin duşuşyp, 1938-nji ýyldan bäri saklap gelýän edebiýatlarynyň esasynda gürrüňdeşlik geçirýärdiler.

Albaniýadaky doganlar Ýehowanyň guramasy bilen uzak wagt bäri habarlaşyp bilmändigi sebäpli, olara gurama girizilen özgerişler we hakykatyň täze düşündirilişleri hakynda aýtmalydy. Meselem, ýygnak duşuşyklaryny geçirmäge doganlar ýetik bolsa-da, olary uýalar hem geçirýärdi. Uýalar hat-da doga-da edýärdi. Jon şeýle gürrüň berdi: «Doganlar täze özgerişleriň uýalara nähili täsir etjekdiginden biynjalyklanýardy. Şonuň üçin, bu barada uýalar bilen hut meniň özümiň gürleşmegimi haýyş etdiler. Uýalar bilen gürleşenimden soň, olaryň täze düzgünleri kabul edendigine begendim».

Ýagdaýynyň pesdigine garamazdan, bu wepaly gullukçylar Patyşalyk işine höwes bilen maddy taýdan goşant goşýardy. Meselem, Jonyň aýtmagyna görä, Girokastredäki gartaşan doganlar «şonsuzam az puluny tygşytly ulanyp, Gurama pul sowgat etmek üçin» hersi 100 dollordan gowrak altyn pul süýşüripdirler.

Wagyz işi gadagan bolsa-da, Tirane şäherindäki doganlar ýygnaklaryň nädip hereket etmelidigini düşündirýän «Parahatlykda we agzybirlikide wagyz edip, öwredýäris» atly broşýurasyny alanlaryna örän begendiler. Soňra, Jon mart aýynda Leonida Poupa atly mesihçiniň öýünde Ýatlama agşamyny geçirdi. Oňa 37 adam gatnaşypdy. Doklatdan soň, Jon gämä münüp, Gresiýa ugrady.

Ýeke galan owlak tapyldy

Doganlar Albaniýada wagyz işini ýola goýmak üçin maslahatlaşanda: «Wlýora şäherinde Güwäçiler barmyka?» diýip, gyzyklandylar. Käbir wagyzçylar şol ýerde ýaşaýan bir gartaşan aýal barada eşidipdi. Ýagny, bir gün Guramanyň edarasyna bir aýal gelip, maşgalasynyň - unjilloredigini aýtdy we Wlýora şäherinden Areti atly aýal olara hoş habary wagyz edendigini gürrüň berdi. Şonuň üçin, doganlar Tiraneden Wlýora şäherine, Aretini gözlemäge gitdiler.

Areti Pina atly pessejik boýly garryja aýal gelen doganlara öýe girmegi hödür etdi, emma ol özüni gaty seresap alyp barýardy. Doganlar onuň imandaşydygyny aýdanda, bu oňa hiç hili täsir etmedi.

Areti az salymdan olara: «Size sorag bersem bolarmy?» diýip, duýdansyz ýüzlendi. «Siz Troisa ynanýarmysyňyz? Hudaýyň ady näme? Siz dowzahyň bardygyna ynanýarmysyňyz? Adam ölende, oňa näme bolýar? Gelejekde ýer şaryna näme bolar? Göge näçe adam alynar?» diýip, sorag baryny berdi.

Doganlar hem onuň ähli soraglaryna jogap berdi.

— Siz wagyz edýärsiňizmi? — diýip, Areti ýene-de sorag berdi.

— Hawa, biz wagyz edýäris — diýip, doganlaryň biri jogap berdi.

— Siz nädip wagyz edýärsiňiz — diýip, Areti ýene-de sorag berende,

— Biz öýden-öýe wagyz edýäris — diýip, dogan jogap berdi.

Areti gözüne ýaş aýlap, ýerinden böküp turdy-da, dogany gujaklady.

— Siziň meniň ruhy doganymdygyňyza indi göz ýetirdim. Sebäbi diňe Ýehowanyň gullukçylary öýden-öýe wagyz edýär! — diýip, Areti begendi.

Wlýore şäherindäki protestant topary Aretiniň hudaýhon adamdygyny eşidip, ony öz toparyna çagyrypdyrlar. Areti doganlara düşündirip: «Ýöne men Beýik Babyl bilen hiç hili gatnaşykda bolasym gelenok! Şonuň üçin, siziň hakykatdan-da meniň ruhy doganlarymdygyňyzy biljek boldum!» diýdi.

Areti 1928-nji ýylda 18 ýaşynda suwda çokundyrylypdyr. Ol daglardan pyýada ýöräp geçip, Mukaddes Ýazgylar kitaby bilen wagyz edýärdi. Areti doganlar bilen ençeme ýyl bäri habarlaşyp bilmese-de, mert durup, ýeke özi wagyz etmegini dowam edipdir.

Gözi ýaşly Areti: «Ýehowa diýseň ajaýyp Hudaý. Ol meni haç wagt ýadyndan çykarmaýardy!» diýdi.

Adamlar Aretini akyly üýtgän hasaplaýardy. Sebäbi ol Gazaply totalitar hökümetine garamazdan, Hudaýa wepaly galýardy. Hawa, Areti gartaşandy, ýöne onuň akyly ýerindedi!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş