Hudaýyň Sözünden öwrenýäris
1. Isa pygamber kim?
Isa pygamber başga adamlardan tapawutlylykda, dogulmazyndan öň gökde ruhy şahsyýetdi (Ýahýa 8:23). Ol Hudaýyň ilkinji ýaradanydy. Hudaý galan ähli zatlary ýaradanda, Isa Onuň kömekçisidi. Ýehowa Isany hut özi ýaradandygy sebäpli, oňa Hudaýyň «ýalňyz ogly» diýilýär. Isa pygamber Hudaýyň ýollan wekilidi, şonuň üçin oňa «Söz» hem diýilýär (Ýahýa 1:1—3, 14; Süleýmanyň tymsallary 8:22, 23, 30 we Koloseliler 1:15, 16-njy aýatlary okaň).
2. Isa ýer ýüzüne näme üçin geldi?
Hudaý Oglunyň janyny gökden ýer ýüzüne, durmuşa çykmadyk ýehudy gyzy Merýemiň göwresine geçirdi. Şonuň üçin Isanyň ynsan kakasy ýokdy (Luka 1:30—35). Isa pygamber ýer ýüzüne 1) Hudaý barada hakykaty öwretmek, 2) Hudaýyň islegini ýerine ýetirmekde görelde görkezmek we 3) öz kämil janyny «töleg» gurbany hökmünde bermek üçin geldi (Matta 20:28-i okaň).
3. Bize näme üçin töleg gurbany gerek?
Töleg adamy haýsydyr bir zatdan azat etmek üçin berilýär. Hudaý başda adamlary ýaradanda, olaryň garrap, ölmegini islemedi. Biz muny nireden bilýäris? Hudaý ilkinji ynsana, ýagny Adam ata günä etse öljekdigini aýtdy. Eger Adam ata günä etmedik bolsa, ol ölmezdi. Ýöne ol günä eden badyna däl-de, wagtyň geçmegi bilen öldi (Gelip çykyş 2:16, 17; 5:5). Adam ata günäni we onuň netijesinde gelen ölümi öz nesline geçirdi. Şeýdip, Adam ata arkaly ölüm dünýä «girdi». Şol sebäpli-de bize töleg gurbany gerek (Rimliler 5:12 we 6:23-nji aýatlary okaň).
4. Isa pygamber näme üçin öldi?
Bizi ölümden azat etmek üçin kim töleg töläp biler? Biz diňe öz günälerimiz sebäpli ölýäris. Bikämil adamlaryň hiç birisi başgalaryň günäsiniň geçilmegi üçin töleg töläp bilmeýär (Zebur 49:7—9-njy aýatlary okaň).
Isanyň ynsan kakasy bolmandygy sebäpli, ol günäni miras almady. Emma ol öz günäleri üçin däl-de, başgalaryň günäleriniň geçilmegi üçin öldi. Hudaý öz Oglunyň biz üçin ölmegine ýol berip, adamzada bolan çuňňur söýgüsini görkezdi. Isa pygamber hem bizi söýýändigini görkezdi, ýagny ol Atasyna boýun bolup, günälerimiz üçin öz janyny gurban etdi (Ýahýa 3:16 we Rimliler 5:18, 19-njy aýatlary okaň).
5. Isa pygamber häzir näme edýär?
Kesellileri sagaldyp, ölüleri direldip we adamlary howply ýagdaýlarda halas etmek bilen Isa gelejekde Hudaýa gulak asýan adamlar üçin nämeler etjekdigini görkezdi (Luka 18:35—42; Ýahýa 5:28, 29). Isa ölenden soň, Hudaý ony ruhy şahsyýet hökmünde direltdi (1 Petrus 3:18). Soňra Ýehowa oňa ýeriň üstünden Patyşalyk etmäge ygtyýar berýänçä, Isa Hudaýyň sagynda oturdy (Ýewreýler 10:12, 13). Häzir Isa gökde patyşalyk edýär we onuň yzyna eýerýänler bütin dünýäde hoş habary wagyz edýär (Ylham 11:15 we Matta 24:14-nji aýatlary okaň).
Tizden Isa Patyşalyk ygtyýary bilen ähli horluklary we olaryň sebäpkärlerini ýok eder. Isa pygambere iman edip, oňa gulak asýan millionlarça adamlar ýer ýüzünde boljak jennetde bagtly ýaşar (Zebur 37:9—11-nji aýatlary okaň).