Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/11 sah. 3
  • Biziň žurnallarymyz hemmelere gyzykly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biziň žurnallarymyz hemmelere gyzykly
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • «Garawul diňine» girizilen ajaýyp özgerişik!
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Hakykaty yglan edýän žurnallary hödürläň
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Bir tema barada gürrüň etsek-de, iki žurnal berip bileris
    Hudaýa gullugymyz — 2013
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 7/11 sah. 3

Biziň žurnallarymyz hemmelere gyzykly

1. Sadyk hem akylly hyzmatkär nädip Pawlusyň göreldesine eýerýär?

1 Pawlus resul «her kesi» gutarjak bolup, hoş habary dürli usullar bilen wagyz edipdir. Şonuň ýaly-da sadyk hem akylly hyzmatkär žurnallaryň kömegi bilen dürli milletli we düşünjeli adamlara hoş habary ýetirýär (1 Kor. 9:22, 23). Biziň ýurdumyzda nätanyş adama wagyz edenimizde diňe Mukaddes Ýazgylary ulanmak maslahat berilýär. Ýöne «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynyň kimler üçin ýazylandygyny bilsek, olary has gowy ulanarys.

2. «Oýanyň!» žurnaly kimler üçin ýazylýar?

2 «Oýanyň!». Pawlus resulyň «Eý afinylylar» diýip ýüzlenen adamlary mesihi taglymatlar barada bilmeýärdiler, Mukaddes Ýazgylar bilenem tanyş däldiler (Res. iş. 17:22). Şonuň ýaly-da, «Oýanyň!» žurnaly Mukaddes Ýazgylar barada az bilýän ýa-da asla hiç zat bilmeýän adamlar üçin taýýarlanylýar. Belki, olar dinlere ynanmazçylyk edýändirler ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň peýdasy hakda bilýän däldirler. «Oýanyň!» žurnalynyň esasy maksady — okyjylary hak Hudaýyň bardygyna ynandyrmakdyr. Şeýle-de ol adamlarda Mukaddes Ýazgylara ynam döredip, Ýehowanyň Güwäçileriniň beýleki dinlerden tapawutlanýandygyna düşünmäge kömek edýär.

3. «Garawul diňi» žurnallary kimler üçin taýýarlanylýar?

3 «Garawul diňi». Bu žurnalyň köpçülik üçin çykarylýan neşiriniň okyjylary Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara hormat goýýan adamlar. Olar Mukaddes Ýazgylary biraz bilseler-de, onuň taglymatlaryna dogry düşünmeýärler. Pawlus hem «Hudaýdan gorkýan» şeýle adamlara wagyz edipdir (Res. iş. 13:14—16). «Garawul diňi» žurnalynyň ýygnak üçin çykýan neşiri bolsa, esasan, Ýehowanyň Güwäçileri üçin taýýarlanýar. Pawlus hatlaryny Mukaddes Ýazgylary bilýän we hakykata dogry düşünýän adamlara ýazypdy (1 Kor. 1:1, 2). Şoňa meňzeşlikde, bu žurnalyň ýygnak üçin çykýan sanyndaky makalalar hem ýygnaklara yzygiderli gatnap, biziň ulanýan sözlerimize we dini ynançlarymyza düşünýän adamlar üçin ýazylýar.

4. Biz näme üçin žurnallaryň her bir sanyny okap çykmaly?

4 Žurnallaryň her bir sanyny okap çykmagy özüňe maksat edin. Şonda sen hem Pawlus ýaly «her kese» kömek etmäge taýýar bolarsyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş