Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 8/11 sah. 1
  • «Adyň mukaddes bolsun»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Adyň mukaddes bolsun»
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa adyny beýgeldýär
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Ýehowanyň beýik adyny şöhratlandyryň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Hudaýyň gullukçylary üçin taýýarlanýan kongresler
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Hudaýyň islegi amala aşsyn
    Hudaýa gullugymyz — 2011
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 8/11 sah. 1

«Adyň mukaddes bolsun»

1. 2012-nji gulluk ýylynda geçiriljek Etrap kongresiniň ady näme?

1 Älem-jahanyň Hökümdary Ýehowa Hudaýyň adyny götermek nähili uly hormat! Hudaýyň hut Özi bizi şeýle uly hormata mynasyp gördi. Biz 1931-nji ýyldan bäri Ýehowanyň Güwäçileri hökmünde tanalýarys (Iş. 43:10). Hudaýyň ýeke-täk Ogly Isa Atasynyň adyna uly hormat goýýardy. Ol nusgalyk dogasynda Hudaýyň adyny birinji orunda goýup, bu adyň wajyplygyny görkezdi (Mat. 6:9). Isanyň «Adyň mukaddes bolsun» diýen sözleri 2012-nji gulluk ýylynda geçiriljek Etrap kongresiniň ady bolar.

2. Biz nähili temalara serederis?

2 Biz nähili temalara serederis? Kongresiň şenbe güni «Doly wagtly gullukçylar, Hudaýyň adyny tanadyň!» diýen doklad doly wagtly gullugyň bol bereket berýändigini görkezer. Şeýle-de biz «Ýehowanyň adyna ysnat getirmekden seresap boluň» atly birnäçe bölümden ybarat doklada dykgat ederis. Ol bize dört sany duzagyň toruna düşmezlige kömek eder. «Köp adamlar hoş habara sowuk-sala garasalar-da, bize yhlasly wagyz etmäge näme kömek eder? Netijeli wagyz etmek üçin näme etmeli?» diýen soraglaryň jogabyny «Näme üçin Hudaýyň ady mukaddes bolmaly?» diýen dokladdan bileris. Ýekşenbe güni biz dört bölümden ybarat doklady diňläp, lezzet alarys. Ondan biz pikirimizde, sözümizde, gelen kararlarymyzda we özümizi alyp barşymyzda nädip Ýehowanyň adyny mukaddes edip biljekdigimizi bileris. Kongrese ilkinji sapar geljek adamlar «Ýehowa Beýik adyny Armageddonda mukaddes eder» diýen jemagat dokladyna has-da minnetdar bolarlar.

3. Bizde nähili mümkinçilik bar we Etrap kongresi bize nähili kömek eder?

3 Ýehowa tiz wagtdan adyny mukaddes eder (Ezek. 36:23). Häzir bolsa, Ýehowanyň mukaddes ady bilen baglanyşykly her bir işi goldamaga bizde ajaýyp mümkinçilik bar. Etrap kongresi biziň her birimize Hudaýyň adyny göterýänler hökmünde berlen jogapkärçiligi berjaý etmäge kömek eder.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş