Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/11 sah. 1
  • Wagyz işini gymmat saýyň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyz işini gymmat saýyň!
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Bize ynanylan hazyna
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Ruhy hazynamyzy gymmat saýalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Wagyz etmegiň on iki sebäbi
    Hudaýa gullugymyz — 2012
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 9/11 sah. 1

Wagyz işini gymmat saýyň!

1. Köp adamlar biziň wagyz işimize nähili garaýarlar?

1 Şeýtanyň dünýäsinde köp adamlar biziň wagyz işimizi «akmaklyk» hasaplaýarlar (1 Kor. 1:18—21). Eger-de biz seresap bolmasak, şeýle nädogry garaýyş bizi lapykeç eder we yhlasymyzy gowşadar (Sül. tym. 24:10; Iş. 5:20) Ýehowanyň Güwäçisi bolmak näme üçin hormat? (Iş. 43:10).

2. Wagyz işi näme üçin «mukaddes» hasaplanylýar?

2 «Mukaddes» iş. Pawlus resul wagyz işini «mukaddes» saýýardy (Rim. 15:15, 16). Näme üçin? Biz wagyz işine gatnaşyp, Mukaddes Hudaý Ýehowanyň «işdeşleri» bolýarys we Onuň adyny şöhratlandyrýarys (1 Kor. 3:9; 1 Pet. 1:15). Ýehowa biziň wagyz işimize «öwgi gurbanlary» hökmünde garaýar. Diýmek, bu Hudaýa edýän seždämiziň wajyp bölegidir (Ýew. 13:15).

3. Wagyz işine gatnaşmak näme üçin uly hormat?

3 Hoş habary wagyz etmek uly hormat. Bu işi Ýehowa adamlara tabşyrdy. Eger-de ol perişdelere tabşyrylan bolsa, olar muny birkemsiz ýerine ýetirerdiler (1 Pet. 1:12). Emma Ýehowa hoş habary wagyz etmek üçin «toprak gaplary», ýagny bikämil adamlary saýlady (2 Kor. 4:7).

4. Wagyz etmegi gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

4 Ileri tutulmaly iş. Biz wagyz işini durmuşymyzda «iň ýokary zatlaryň» birisi hasaplaýarys, çünki biz onuň gadyryny bilýäris (Flp. 1:11). Şol sebäpli biz her hepde wagza gatnaşmak üçin wagt sarp edýäris. Ady belli orkestiriň sazandasy her çykyşa öňünden taýýarlyk görüp, öz ukyplaryny ösdürdýär. Şonuň ýaly biz hem «hakykat sözüni dogry ulanmak» üçin wagza gitmezden öň gowy taýýarlyk görüp, mugallymçylyk ukyplarymyzy ösdürmeli (2 Tim. 2:15; 4:2).

5. Biziň wagyz işimizi kim gymmat saýýar?

5 Wagyzda adamlar size ters jogap berenlerinde lapykeç bolmaň. Siziň territoriýaňyzda hoş habara seslenjek adamlaryň entegem bardygyny unutmaň. Nähili bolaýanda-da, biz adamlaryň däl-de, Ýehowanyň göwnünden turmak isleýäris, çünki Ol biziň ýürekden edýän tagallalarymyzy gymmat saýýar (Iş. 52:7).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş