Wagyz etmegiň on iki sebäbi
Näme üçin biz hoş habary öýden-öýe wagyz edýäris we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýäris? Munuň esasy sebäbi ak ýürekli adamlara ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge kömek etmekmi? (Mat. 7:14). Ilkinji sebäbi şu bolsa-da, bu iň wajyby däl. Seniň pikiriňçe, şu aşakdaky görkezilýän 12 sebäpleriň haýsysy wajypka?
1. Adamlara halas bolmaga kömek edýäris (Ýahýa 17:3).
2. Erbet adamlara duýduryş berýäris (Ezek. 3:18, 19).
3. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligi berjaý edýäris (Mat. 24:14).
4. Ýehowanyň adalatly Hudaýdygyny subut edýäris. Ol erbet adamlary ýok etmezden öň, olara toba etmäge mümkinçilik berýär (Res. iş. 17:30, 31; 1 Tim. 2:3, 4).
5. Isanyň gany arkaly satyn alnan adamlara ruhy taýdan kömek etmek biziň borjumyzdyr (Rim. 1:14, 15).
6. Adamlaryň ganyna galmaýarys (Res. iş. 20:26, 27).
7. Özümizi hem halas edýäris (Ezek. 3:19; Rim. 10:9, 10).
8. Ýakynymyza bolan söýgini bildirýäris (Mat. 22:39).
9. Ýehowa we Ogluna gulak asýarys (Mat. 28:19, 20).
10. Şeýdip, Ýehowa sežde edýäris (Ýew. 13:15).
11. Hudaýa bolan söýgimizi görkezýäris (1 Ýahýa 5:3).
12. Ýehowanyň adyny mukaddes edýäris (Iş. 43:10—12; Mat. 6:9).
Elbetde, bular Hudaýa gulluk etmegiň hemme sebäpleri däl. Mysal üçin, wagyz edenimizde, imanymyz berkeýär we Hudaýyň işdeşleri bolup, hormatly işi ýerine ýetirýäris (1 Kor. 3:9). Emma Hudaýa gulluk etmegiň iň esasy 12 sebäbi ýokarda agzaldy. Wagyzda adamlar diňlese-de, diňlemese-de, biz Hudaýyň adyny mukaddes edýäris we oňa gyjalat berýäne jogap berýäris (Sül. tym. 27:11). Hawa, hoş habary dyngysyz wagyz etmäge we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge degerli sebäpler bar (Res. iş. 5:42).