«Mukaddes Ýazgylar habar berýär» atly broşýurany ulanyň
Biziň ýaşaýan ýerimizde adamlaryň köpüsi, esasanam, hristian dinine degişli bolmadyk adamlar Mukaddes Ýazgylar bilen tanyş däl. Şeýle adamlara okuw geçende «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitapdan başga-da «Mukaddes Ýazgylar habar berýär» atly broşýurany ulansak, Mukaddes Ýazgylar bilen tanyşmaga kömek ederis. Meselem, bir dogan «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 3-nji baby boýunça okuw geçirende, broşýuranyň 1-nji bölümine hem seredip geçýär. Ol her sapakdan soňra broşýuranyň beýleki bölümleri boýunça-da pikir alyşýar. Sen Mukaddes Ýazgylary biraz bilýän ýa-da asla bilmeýän adam bilen okuw geçýärmiň? Ony «akyldar etmegi başarýan Mukaddes Ýazgylar» bilen tanyşdyrmak üçin, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyndan başga-da «Mukaddes Ýazgylar habar berýär» atly broşýurany goşmaça maglumat hökmünde ulan (2 Tim. 3:15).