Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/11 sah. 1
  • Wagyzda adamlar bilen pikir alşyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyzda adamlar bilen pikir alşyň
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyz edeniňizde «altyn düzgüne» eýeriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözüňizi bölýän adamlara jogap berip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny ökdelik bilen ulanyp, tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 10/11 sah. 1

Wagyzda adamlar bilen pikir alşyň

1. Wagyz edenimizde haýsy usul gowy netije berer?

1 Wagyz edenimizde haýsy usul has peýdaly bolar: öz diýeniňi öňe sürmekmi ýa-da adam dogry netijä geler ýaly ony pikir alyşmaga höweslendirmek? Pawlus resul Selonikdäki ýehudylara wagyz edende, olary pikir alyşmaga höweslendiripdi. Netijede, «olaryň birnäçesi» hakykaty kabul etdiler (Res. iş. 17:2—4). Adamlar bilen nädip pikir alşyp bolar?

2. Biz nädip Pawlusyň göreldesine eýerip bileris?

2 Adamlaryň garaýşyny göz öňünde tutuň. Wagyz edende adamlar bilen pikir alyşmak üçin, olaryň garaýşyny göz öňünde tutmaly. Pawlus resul Ares depesinde greklere wagyz edende, olaryň bilýän we ynanýan zatlaryny nazara alypdy (Res. iş. 17:22—31). Şol sebäpli biz hem wagza taýýarlyk görenimizde, adamlaryň ynanýan we ynanmaýan zatlaryny göz öňünde tutmaly (1 Kor. 9:19—22). Eger adam haýsydyr bir zat barada gürrüň açsa, onuň hakykata garşy gelmeýän pikirini goldap, gürrüňi hoş habara ugrukdyrmaga çalyşmaly.

3. Adamlar bilen pikir alyşmak üçin nädip ussatlyk bilen sorag bermeli?

3 Ussatlyk bilen sorag beriň. Biz adama ýol salgy bermek üçin, ilki bilen, duran ýerimizi bilmeli. Şonuň ýaly-da, biz adama wagyz edenimizde onuň näme barada pikir edýändigini bilmesek, dogry netijä gelmäge kömek edip bilmeris. Isa adamlar bilen pikir alyşmazdan öň, köplenç olaryň näme hakda pikir edýändigini bilmek üçin sorag berýärdi. Bir gezek kanunçy ondan: «Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin meniň näme etmegim gerek?» diýip soraýar. Şonda Isa ony näme gyzyklandyrýandygyny bilip jogap berýär (Luka 10:25—28). Başga bir sapar bolsa, Petrus nädogry jogap berende, Isa ony düzetmek üçin hem sorag berýär (Mat. 17:24—26). Şeýlelikde, adam sorag berse ýa-da bir zada nädogry düşünse, biz ony pikir alyşmaga höweslendirmek üçin sorag bermeli.

4. Biz näme üçin adamy pikir alyşmaga höweslendirmäge çalyşmaly?

4 Biz adamy pikir alyşmaga höweslendirsek, ony sylap, hormat goýýandygymyzy görkezeris we Beýik Mugallym Isanyň göreldesine eýereris. Ol I asyrda ýaşan ökde hoş habarçydy (1 Pet. 3:15). Şonda, megerem, adam biziň ikilenç ideg etmegimize razy bolar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş