Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/11 sah. 1
  • Biz wagyz etmäge hemişe taýýar bolmaly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz wagyz etmäge hemişe taýýar bolmaly
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Öýden-öýe wagyz etmek
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Näme üçin şu günler öýden-öýe wagyz etmek örän wajyp?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sen resmi däl ýagdaýda wagyz etmegi başararsyň!
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Öýden-öýe dyngysyz wagyz ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2009
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 12/11 sah. 1

Biz wagyz etmäge hemişe taýýar bolmaly

1. I asyrda mesihçileriň wagyz işini özlerine borç hasaplandygyny nireden bilýäris?

1 I asyrda yhlasly wagyzçylar adamlaryň bar ýerinde «yzyny üzmän» hoş habary wagyz edipdirler (Res. iş. 5:42). Olar öýden-öýe wagyz etmäge gidenlerinde, köçede duşan adamlara hoş habary aýtman geçendir öýdüp, göz öňüne getirmek mümkin däl. Olar hatda wagyzdan soň bazarlanlarynda-da, ähli mümkinçilikden peýdalanyp, resmi däl ýagdaýda wagyz edipdirler. Olar hem Isa ýaly wagyz işini özlerine borç hasaplapdyrlar (Mar. 6:31—34).

2. Biz adymyza mynasyp bolmak üçin näme etmeli?

2 Hemişe taýýar boluň. Ýehowanyň Güwäçileri diýen at biziň diňe bir näme iş bilen meşgullanýandygymyzy däl-de, eýsem, kimdigimizi hem görkezýär (Iş. 43:10—12). Biz hatda öýden-öýe wagyz etmäge gitmedik ýagdaýymyzda-da, imanymyzy goramaga hemişe taýyn bolmaly (1 Pet. 3:15). Resmi däl ýagdaýda wagyz etmek mümkinçiligi dörände, siz näme aýtjakdygyňyz barada oýlanýarmysyňyz? Gyzyklanan adama berer ýaly ýanyňyz bilen edebiýat alýarmysyňyz? (Sül. tym. 21:5). Siz diňe öýden-öýe wagyz edýärmisiňiz ýa-da mümkinçilik dörände başga ýagdaýlarda-da wagyz etmäge çalyşýarsyňyz?

3. Näme üçin köçede, ulaglaryň duralgasynda, seýilgählerde we adamlaryň iş ýerlerinde wagyz etmekligi öýden-öýe wagyz gullugy ýaly wajyp hasaplamaly?

3 Ähli ýerde wagyz etmek. Öň «wagzyň dürli görnüşleri» diýlende, köçede, ulaglaryň duralgasynda, seýilgählerde we iş ýerlerinde wagyz etmeklik göz öňünde tutulýardy. Emma wagzyň bu görnüşlerini wajyp däl hasaplamak bolmaz. Pawlus resul hem öýden-öýe, hem «aç-açan», ýagny adamlaryň bar ýerlerinde wagyz edýärdi (Res. iş. 20:20, 21). Elbetde, öýden-öýe wagyz etmeklik wagzyň esasy görnüşi hasaplanylýar, çünki ol Patyşalyk baradaky habary üstünlikli wagyz etmäge kömek edýär. Emma I asyrda ýaşan wagyzçylar ünsüni öýlere däl-de, adamlara gönükdiripdirler. Olar hakykaty gürrüň bermek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanyp, adamlaryň bar ýerlerinde, resmi däl ýagdaýda we öýden-öýe wagyz edipdirler. Geliň, biz hem wagzyň ähli görnüşlerine gatnaşmaga jan edeliň (2 Tim. 4:5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş