«Her kese» wagyz ediň
1. Tejribeli hoş habarçylary näme üçin ökde ussa meňzetse bolar?
1 Ökde ussada köp gurallar bolýar. Ol gurallarynyň her birini haçan we nädip ulanmalydygyny bilýär. Biziň hem wagyz işini gowy ýerine ýetirmegimiz üçin dürli gurallarymyz bar. Meselem, «her kese» wagyz etmäge kömek edýän dürli temalara esaslanan broşýuralar çap edildi (1 Kor. 9:22). «Hudaýa gullugymyzyň» şu sanyndaky goşmaça maglumatynda şol broşýuralaryň käbiri getirilen. Olaryň kime niýetlenip çap edilendigi düşündirilýär we nädip hödürläp bolýandygy barada maslahat berilýär.
2. Wagyzda broşýuralary haçan ulanyp bileris?
2 Broşýuralary haçan ulanmaly. Ussa guralyny gerekli wagty ulanýar. Biz-de broşýuralary diňe olary hödürlenilýän aýlary däl-de, kime peýdaly boljakdygyny bilip hödürläris. Meselem, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby hödürlenilýän aýy hristian dinine uýmaýan we Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanmaýan adamlara wagyz etmegimiz mümkin. Şonda kitaby däl-de, gerekli broşýurany hödürlesek gowy bolardy. Soňra adamy has-da gyzyklandyrmak üçin, onuň ünsüni «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyna çekip bileris.
3. Biz näme üçin wagyz gurallarymyzy ussatlyk bilen ulanmaly?
3 Mukaddes Ýazgylarda işine ökde adam öwülýär (Sül. tym. 22:29). Şu günler «hoş habary» wagyz etmekden başga wajyp hem mukaddes «kär» ýokdur (Rim. 15:16). Geliň, «utanmajak işçi hökmünde» gurallarymyzy ussatlyk bilen ulanmaga çalşalyň (2 Tim. 2:15).