Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/12 sah. 1
  • Ökdelik bilen öwretmek üçin üç maslahat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ökdelik bilen öwretmek üçin üç maslahat
  • Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Sada dilde öwret
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Aýdyň mysallar arkaly öwrediň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • «Hudaýa gulak asyň» atly broşýurany nädip ulanmaly?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2012
km 4/12 sah. 1

Ökdelik bilen öwretmek üçin üç maslahat

1. Biz näme üçin ökdelik bilen öwretmeli?

1 Mesihçileriň ählisine mugallym diýse bolýar. Wagyz edenimizde, ikilenç ideg edenimizde ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde, örän wajyp habary aýdýarys. Biz adamlary «gutulyş üçin akyldar edýän... Mukaddes Ýazgylary» düşündirýäris (2 Tim. 3:15). Bu nähili uly hormat! Ökdelik bilen öwretmek üçin üç maslahata seredeliň.

2. Biz nädip sada dilde öwredip bileris?

2 Sada dilde düşündir. Temany gowy bilsek-de, munuň gürrüň berýän adam üçin çylşyrymly boljakdygyny unutmaly däl. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde, gerekmejek jikme-jiklikleri aýtmaly däl. Muňa derek, esasy pikirleri nygtap geç. Köp geplemeklik ökde öwretmegi aňlatmaýar (Sül. tym. 10:19). Esasy aýatlary okasak, gowy bolar. Şondan soň, şol aýadyň geçilýän tema degişli bölegine üns bermeli. Matta kitabynyň 5—7-nji baplarynda, Isanyň Dagdaky wagzynda örän çuňňur hakykatlary sada we ýerlikli dilde öwredendigi aýdylýar.

3. Mysallaryň näme ähmiýeti bar we köplenç nähili mysallar has gowy täsir edýär?

3 Mysallar getiriň. Mysallar adama oýlanmaga, ýatda saklamaga kömek edýär we duýgularyna täsir edýär. Sen gowy mysallar getirmek üçin, hekaýaçy bolmalydyryn öýtme. Isa köplenç gysga we ýönekeý mysallary ulanýardy (Mat. 7:3—5; 18:2—4). Kagyza çekilen ýönekeý surat hem gowy kömek edýär. Öňünden biraz taýýarlansaň, täsirli mysallary tapmaga ýardam eder.

4. Biz nädip soraglary ýerlikli bermeli?

4 Soraglar beriň. Soraglar öwrenýän adama oýlanmaga kömek edýär. Şonuň üçin sorag bereniňden soň, sabyrly bol. Eger sen soragyňa özüň çalt jogap berseň, sapak geçýän adamyň düşünendigini ýa-da düşünmändigini bilmersiň. Ol nädogry jogap berende, ony ýöne düzetmegiň deregine, dogry netijä geler ýaly, goşmaça soraglar berseň gowy bolar (Mat. 17:24—27). Elbetde, biziň hiç birimiz hem kämil mugallym däl. Emma bize Mukaddes Ýazgylarda hemişe ünsli öwretmek maslahat berilýär. Şeýtsek, bu özümize we bize gulak asýanlara ebedi peýda getirer (1 Tim. 4:16).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş