«Ýehowanyň Güwäçileri — imanyny iş ýüzünde görkezýän adamlar. Bölüm I: Garaňkylykdan ýagtylyga çykyş»
Mukaddes Ýazgylarda hakykat ýagtylyga, ýalan bolsa, tümlüge meňzedilýär (Zeb. 43:3; Iş. 5:20). Şeýtan How enäni aldan-da, dünýä garaňkylyk girdi we ahyrsoňy bütin adamzat tümlüge batdy (Ylh. 12:9). «Ýehowanyň Güwäçileri — imanyny iş ýüzünde görkezýän adamlar. Bölüm I: Garaňkylykdan ýagtylyga çykyş» diýen wideofilmde garaňkylykdan ruhy yşygyň nur saçyp başlandygy yzygider gürrüň berilýär (Iş. 60:1, 2). Wideofilmi görensoň, şu soraglara jogap berip bilersiňmi?
1. Resullar ölenden soň tümlük nädip ýaýrap başlady? 2. 1 100-nji ýyllardan başlap, buthanalaryň adamlara hakykaty öwretmeýändigini düşünmäge näme kömek etdi? 3. Genri Gru we Jorj Storrz kim? 4. Çarlz Rasselliň durmuşyna haýsy waka güýçli täsir etdi? 5. Rassell dogan, kakasy we olaryň birnäçe tanyşlary Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip geçirdiler we Hudaýyň Sözüne görä, nähili netijä geldiler? 6. Näme üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenýän topar Nelson Barbor bilen birleşdi, emma Rassell dogan näme sebäpden onuň bilen ylalaşmady? 7. 1879-njy ýylyň iýul aýynda bolan haýsy wakadan ruhy yşygyň täze eýýamy başlandy? 8. Şondan soň, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň köpüsi hoş habary ýaýratmak üçin näme etdiler? 9. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar ençeme ýyl öň, 1914-nji ýylda näme bolar öýtdüler? 10. Rassell dogan ölenden soň, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler nähili kynçylyklara duşdy? 11. Ruterford we beýleki doganlar türmeden boşadylandan soň, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar näme etdiler? 12. Bu wideofilm nädip Ýehowanyň guramasyna bolan minnetdarlygyňy artdyrdy? 13. Bu wideofilm garşylyklara garamazdan, yhlasly wagyz etmegi ýüregiňe düwmäge kömek etdimi? 14. Biz şu wideofilmi görkezip, dogan-garyndaşlarymyza, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlara we beýlekilere nädip kömek edip bileris?
Mukaddes Ýazgylary öwrenen şol adamlar bize nähili gymmytly miras galdyrdylar! Olar şu ruhy taýdan garaňky dünýäde, batyrgaý we yhlasly ýagtylygy ýaýratdylar. Biz hem olardan görelde alyp, «yşyga degişli ynsanlar bolup gezeliň» (Efes. 5:8).