Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2012-nji ýylyň 30-njy aprelden başlanýan hepdede, Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler.
1. Näme üçin müsürliler ýewreýler bilen bile naharlanmaklygy ýigrenç hasaplaýardylar? (Gel. çyk. 43:32) (12-nji mart, w04-U 15.01. sah. 29).
2. Ýusup dogrudan hem, käse-de pal atýardymy? (Gel. çyk. 44:5) (12-nji mart, w04-U 15.01. sah. 29).
3. Ýehowa haýsy manyda lal, ker ýa-da kör edýär? (Müs. çyk. 4:11) (26-njy mart, w04-U 15.03. sah. 24).
4. Musa Harun üçin nädip Hudaý ýaly boldy? (Müs. çyk. 4:16) (26-njy mart, w04-U 15.03. sah. 24).
5. Hudaý öz adyny Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba haýsy manyda aýan etmedi? (Müs. çyk. 6:3) (26-njy mart, w04-U 15.03. sah. 25).
6. Müsür jadygöýleri gana öwrülmedik suwy nireden aldylar? (Müs. çyk. 7:22) (2-nji aprel, w04-U 15.03. sah. 25).
7. Ysraýyllylar Müsürde näçe wagt boldular? (Müs. çyk. 12:40) (9-njy aprel, w04-U 15.03. sah. 26).
8. Ýehowa haýsy manyda «atalarynyň etmişi» üçin çagalaryny jezalaýar? (Müs. çyk. 20:5) (23-nji aprel, w04-U 15.03. sah. 27).
9. «Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň» diýen tabşyryk näme aňladýar? (Müs. çyk. 23:19) (30-njy aprel, w04-U 15.03. sah. 27).
10. Bu ýerde agzalýan perişde kim we ol haýsy manyda Ýehowanyň «ady bilen» geler? (Müs. çyk. 23:20) (30-njy aprel, w04-U 15.03. sah. 27).