Soňkuja iki köpük
Biz bütindünýä wagyz işini pul kömegi bilen goldap bileris. Emma pulumyz kän bolmasa, näme etmeli?
Bir sapar Isa ybathanada bir garyp dul aýalyň hazyna soňkuja iki köpügini atandygyny görýär. Ol Ýehowany söýýändigi üçin, «bütin elde baryny, bütin çörek puluny atdy» (Mar. 12:41—44). Isa muny görüp, aýalyň beren gurbanynyň Hudaý üçin örän gymmatlydygyny aýdýar. Birinji asyrda ýaşan mesihçiler hem pul kömegini bermegi özleri üçin hormat saýýardylar. Baý hem garyp mesihçiler mümkin boldugyndan, wagyz gullugyny goldaýardylar. Pawlus resul Makedoniýalylaryň «olaryň aşa garyplygyna» garamazdan, «bu haýyr işe... gulluk etmäge özleriniň gatnaşmagyny köp ýalbaryp, haýyş edendiklerini» aýtdy (2 Kor. 8:1—4).
Biz «soňkuja iki köpügimizi» bersek-de, ençeme az pul sowgadymyz bilen uly goşant goşup bilýändigimizi unutmaly. Biz ýürekden bersek, gökdäki jomart Atamyzyň göwnünden turarys, «sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir» (2 Kor. 9:7).