Geçmişden sapak. Garyp dul aýal
Bir gezek Isa baý adamlaryň ybadathanadaky gutulara pul atýandygyna syn edýär. Şonda ol köpçüligiň içinde garyp dul aýalyň «iki sany iň pes hümmetli teňňe» atandygyny görýär (Luka 21:2). Isa bu aýaly jomartlygy üçin öwýär. Näme üçin? Sebäbi beýleki adamlar «özlerinden artanyny atdylar, emma ol mätäçlik çekýänem bolsa, barja zadyny atdy» (Markus 12:44).
Sen hem bu aýal ýaly Hudaýa gulluk etmegi wajyp hasaplaýarmyň? Munuň üçin wagtyňy we puluňy höwes bilen sarp edýärmiň? Edil dul aýal ýaly, senem Ýehowa sežde edilýän ýerleriň abatlaýyş işleri üçin pul sadakasyny berip bilersiň. Şeýle-de wagtyňy we puluňy adamlara Ýehowa barada öwretmek üçin sarp edip bilersiň. Ýehowa dul aýalyň sežde üçin azajyk beren zadyna hem üns berip, gadyryny bilýändigini görkezdi. Eger senem Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegi durmuşyňda birinji ýerde goýsaň, Ol muny gymmat saýyp, berekedini berer (Matta 6:33).