Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/12 sah. 31
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Sarepatly dul aýalyň imany sylaglanýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Dul aýalyň ogly direlýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Geçmişden sapak. Garyp dul aýal
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Ýehowa «hakymyzy alar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/12 sah. 31

OKYJYLARYŇ SOWALLARY

Mesihçiler ýygnagyndan kömek almak üçin dul hatyn «bir äre aýal» bolmaly diýen Pawlus resulyň sözleri nämäni aňladýar? (1 Timoteos 5:9).

Pawlus resulyň dul hatyn «bir äre aýal» bolmaly diýen sözleri onuň dul galmazyndan öňki ýagdaýyny görkezýär. Bu dul aýalyň diňe bir gezek durmuş gurmalydyny aňladýarmy? Ýa-da Pawlusyň sözleri başga zady aňladýarmy?

Käbirleri Pawlus resul diňe bir gezek durmuş guran dul aýallar barada aýtdy diýýärler. Dogrudan-da, käbir medeniýetde we jemgyýetde durmuş gurmadyk dul aýaly ýagşy işleri edýän adam hasaplaýardylar. Emma bu Pawlusyň başga aýatlarda aýdan sözlerine garşy gelýär. Meselem, ol Korintosdaky mesihçilere dul aýalyň durmuş gurmasa, has-da bagtly boljakdygyny aýtsa-da, «islänine barmaga azatdyr, ýöne Rebde bolmalydyr» diýdi (1 Kor. 7:39, 40; Rim. 7:2, 3). Pawlus resul Timoteosa ýazan hatynda: «Men ýaş dul hatynlaryň äre barmaklaryny... isleýärin» diýdi (1 Tim. 5:14). Şol sebäpli dul aýal durmuş gurmak islese, ony ýazgaryp bolmaýar.

Onda Pawlus resulyň Timoteosa ýazan sözleri nämäni aňladýar? «Bir äre aýal» diýen jümle diňe şu aýatda duş gelse-de, Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda «bir äriň aýaly» diýmegi aňladýar. Şuňa meňzeş «bir aýalyň äri» diýen jümläni Pawlus resul başga aýatlarynda hem ulanypdy (1 Tim. 3:2, 12; Tit. 1:6). Bu sözleri Pawlus resul ýygnak gözegçileri we gulluk hyzmatçylary üçin ýazan talaplarynda aýtdy. Aýatlara görä, ilki bilen, mesihçiler ýygnagynda jogapkärli borjy almak isleýän dogan öýlenen bolsa, aýalyna wepaly we ahlak taýdan arassa bolmaly. Şonuň ýaly 1 Timoteos 5:9-daky sözlere görä, äri dirikä oňa wepaly we ahlak taýdan arassa bolan dul aýallara mesihçiler ýygnagyndan kömek berilmelidi. Pawlus resulyň aýdan başga talaplary hem şol dul hatyn barada aýdýandygyny görkezýär (1 Tim. 5:10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş