Sowally bukja
◼ Näme üçin ýaşaýan ýerimiziň territoriýasyndaky ýygnaga barsak gowy bolar?
Biz ýygnakda ruhlanýarys we «söýgi, oňat işleri» etmegi öwrenýäris (Ýew. 10:24, 25). Şeýle-de ýygnakda Mukaddes Ýazgylardan bilim alýarys we şägirt taýýarlamagy öwrenýäris (Mat. 28:19, 20). Duşuşyklar bize synaglarda wepaly bolup, çydamaga güýç berýär, aladaçyl ýaşuly doganlarymyz bolsa gitdigiçe köpelýän kynçylyklary we meseleleri çözmäge kömek edýär. Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmek üçin ýygnaga gatnaşmak zerur. Emma ýaşaýan ýerimiziň territoriýasyndaky ýygnaga barsak, näme üçin peýdaly bolar?
Adamlaryň ýagdaýy biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Şol sebäpli haýsy ýygnaga barmalydygyny çözer ýaly, iş grafigini, ulagyň raspisaniýesini ýa-da iman etmeýän ýanýoldaşyň pikirini göz öňünde tutmaly bolýar. Emma wagyzçy ýaşaýan territoriýasyndaky ýygnaga barsa, Hudaý bilen gatnaşygyna gowy täsir edip, peýdaly bolar. Meselem, ýaşulular gyssagly ýagdaýda ähli wagyzçylar bilen çalt habarlaşyp biler. Başga-da peýdaly taraplary barada öň «Sowally bukjada» aýdylypdy (1991-nji ýylyň iýul aýynyň «Hudaýa gullugymyza» (rus.) seret).
Şeýle-de öýümiziň golaýyndaky ýygnaga barsak, oňa irräk baryp, gürrüňdeşlik etmäge hem-de başdaky aýdyma we doga gatnaşyp biler ýaly amatly bolar. Gyzyklanýan adamlar golaýymyzda ýaşasa, olary idemek, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek we olara haýsy ýygnaga barmak amatly bolsa, şoňa gatnaşmaga kömek etmek aňsat bolar.
Biz maşgalabaşylaryň bu mesele babatda doga edip, ähli zatlary göz öňünde tutup, maşgalasynyň Hudaý bilen gatnaşygyna we bähbidine has gowy täsir etjek karara geler diýip ynanýarys (1 Tim. 5:8).