Sen nämä begenýärsiň?
1. Biz her aýyň ahyrynda nämä begenýäris?
1 Her aýyň ahyrynda hemmeler wagyz hasabatyny tabşyranda, sen nämä begenýärsiň? (Gal. 6:4). 130 sagat wagyz eden ýörite pionerlerem, 15 minut wagyz hasabatyny tabşyran wagyzçylar hem Ýehowa ýürekden gulluk edendigine begenip biler (Zeb. 100:2).
2. Biz näme üçin Ýehowa gulluk etmeli?
2 Ýehowa Älemiň hökümdary bolandygy üçin, ol iň gowy zatlary almaga mynasyp (Mal. 1:6). Biz Hudaýy söýýändigimiz sebäpli, islegini berjaý etmek üçin özümizi oňa bagyş etdik. Şol sebäpli, günüň ýa-da aýyň ahyrynda Ýehowa gulluk etmek üçin wagtymyzyň, ukybymyzyň, güýjümiziň «ilkinji hasylyny» berýändigimize göz ýetirsek, özümiz hem begeneris (Sül. tym. 3:9). Eger bu babatda ynsabymyz ezýet berýän bolsa, onda ýene-de nämeler edip biljekdigimiz barada oýlanmaly (Rim. 2:15).
3. Özüňi başgalar bilen deňeşdirmek näme üçin akylsyzlyk bolar?
3 «Her kişi öz işini derňesin». Güýjümiziň köp wagty özümizi başgalar bilen deňeşdirmek akylsyzlyk bolardy. Adamyň ýagdaýy üýtgeýär, ukyby bolsa gowşaýar. Özümizi başgalar bilen deňeşdirenimizde, köplenç bäsdeşlige eltýär we özümizi dereksiz duýýarys (Gal. 5:26; 6:4). Isa adamlary biri-biri bilen deňeşdirmeýärdi. Gaýtam, ol adamlary elinde baryny edeni üçin öwýärdi (Mar. 14:6—9).
4. Isanyň talant baradaky tymsalyndan näme öwrenip bileris?
4 Isanyň talant baradaky tymsalynda hyzmatkäriň «her haýsysynyň başarnygyna laýyk» talant berildi (Mat. 25:15). Agasy dolanyp gelende, hyzmatkärlerinden ýagdaýyny we ukybyny göz öňünde tutup, eden işleri barada hasabat soranda, olar agasynyň berekellasyny alyp, şatlygyna şärik boldular (Mat. 25:21, 23). Biz hem Hudaýyň Patyşalygy barada yhlasly wagyz etsek, Hudaýy razy ederis we şatlanarys!