Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/12 sah. 1
  • Gürrüňdeşlige paýhasly başlaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gürrüňdeşlige paýhasly başlaň
  • Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • «Her kese» wagyz ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Nähili ýagdaýda bolmaly?
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • «Adamlar görnüşindäki sylaglar» Hudaýyň sürüsini yhlasly bakýar
    Hudaýa gullugymyz — 2012
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2012
km 9/12 sah. 1

Gürrüňdeşlige paýhasly başlaň

1. Biz I asyrdaky mesihçileriň gürrüňdeşlige dürli usullar bilen başlaýşyndan nähili sapak edinip bileris?

1 I asyrdaky mesihçiler hoş habary dürli medeniýetli we dürli dine uýýan adamlara wagyz edýärdiler (Kol. 1:23). Olar diňe Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etseler-de, gürrüňdeşlige başlanlarynda diňleýjileri göz öňünde tutup, dürli usullary ulanypdyrlar. Meselem, Petrus Mukaddes Ýazgylara çuňňur hormat goýýan ýehudylara ýüzlenende, ol gürrüňini Ioel pygamberiň sözlerine salgylanyp başlapdy (Res 2:14—17). Emma Resullaryň işleri 17:22—31-de Pawlusyň grekler bilen nädip pikir alşandygyna üns beriň. Şu günler käbir adamlar Mukaddes Ýazgylara hormat goýýarlar. Biz şeýle adamlara wagyz edenimizde, Hudaýyň Sözüni arkaýyn ulanýarys. Emma Mukaddes Ýazgylar we din bilen gyzyklanmaýan ýa-da hristian däl dindäki adamlara wagyz edenimizde, örän paýhasly bolmaly.

2. Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanýan we gyzyklanmaýan adamlara wagyz edenimizde, edebiýatlary nädip hödürläp bileris?

2 Edebiýatlary paýhasly hödürlemek. Täze gulluk ýylynda hödür ediljek edebiýatlar her iki aýdan çalşylyp durlar, ýagny wagyzda žurnallar, kitapçalar hem-de broşýuralar hödür ediler. Eger biziň ýaşaýan ýerimizdäki adamlar Mukaddes Ýazgylara biperwaý garaýan bolsalar, şonda-da olary gyzyklandyraýjak edebiýatlary tapyp bileris. Olar bilen ilkinji gezek gürrüňdeş bolanymyzda Hudaýyň Sözünden okap bermeris ýa-da kitabyň adyny hem agazmarys. Emma şeýle adamda gyzyklanma dörese, onda oňa Ýaradyja we Onuň Sözüne bolan imany ösdürmäge kömek etmek üçin ikilenç ideg ederis. Emma biz Mukaddes Ýazgylara hormat goýýan adamlara wagyz edenimizde, ýerlikli edebiýaty ulanyp, şoňa görä gürrüňe başlap bilersiňiz. Galyberse-de, biz adamlara «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny ýa-da «Mukaddes Ýazgylar habar berýär» we «Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman» atly broşýuralary islendik wagty hödürläp bileris. Iň esasy zat, gürrüňdeşlige başlanyňda paýhasly bolmaly.

3. Näme üçin adamlaryň ýüregini topraga meňzetse bolýar?

3 Topragy taýýarlaň. Adamlaryň ýüregini topraga meňzetse bolar (Luka 8:15). Mukaddes Ýazgylardaky hakykat tohumy ösüp, kök urar ýaly, käbir topraklary aýratyn usul bilen taýýarlamaly bolýar. I asyrdaky wagyzçylar hakykat tohumyny ökdelik bilen dürli görnüşli topraga ekip, şatlyk we kanagat tapypdyrlar (Res. iş. 13:48, 52). Biz hem haýsy usulyň gowy boljakdygy barada oýlansak, üstünlik gazanyp bileris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş