«Ýaşlaryň sowallary. Men ömrümi nämä bagyş edeýin?» (1-nji bölüm)
Ýetginjekler ulaldygyça möhüm kararlara gelmeli bolýarlar. Bu babatda olara kömek etmek üçin «Ýaşlaryň sowallary. Men ömrümi nämä bagyş edeýin?» diýen film taýýarlandy. Ilki bilen, diskiň esasy menýusyndan «Film» diýen ýazgyny saýlaň we ony görüp, 2-nji abzasdaky soraglara jogap beriň. Soňra 3-nji abzasdaky soraglara jogap bermek üçin, esasy menýu arkaly «Interwýu» we «Geçmişi ýatlap» diýen bölümleri görüň.
Film. 1. Timoteos bilen şu günki köp ýaş mesihçilerde nähili meňzeşlik bar? 2. Sportda üstünlik gazanar ýaly Andreni nämä höweslendirýärdiler? 3. Flaýsig dogan Andre: a) hem Ýehowa, hem sporta ömrüňi bagyş etmek (Mat. 6:24); b) hakyky bagt nämä baglydygy; ç) konslagerdäki tabagy oňa nämäni ýatladýandygy; d) suratdaky özi we aýaly bilen duran adamlar hem-de d) sportda arzuw eden zatlaryndan ýüz öwürendigine ökünmeýändigi barada näme gürrüň berdi? (Flp. 3:8). 4. Andreniň: «Çempion bolmagy arzuw etmegiň näme erbetligi bar?» diýen soragyna mamasy näme jogap berdi? (Luka 4:5—7). 5. Andreniň ýaryşda ýeňiş gazanmagy hakyky şatlyk berdimi? 6. Flaýsig doganyň Andre ýazan soňky hatyndan size täsir eden zat näme? (Sül. tym. 10:22). 7. Flaýsig doganyň kömegi bilen Andre nämä düşündi?
Geçmişi ýatlap. 8. Bir dogan we uýa öň nähili maksatlary goýupdylar we näme üçin? 9. Olar nähili üstünlik gazandylar? 10. Olaryň durmuşynda özgeriş pursady haçan boldy? 11. Olar dereje gazanmagyň deregine nähili ruhy maksatlary goýdular we olaryň ikisine-de bilelikde dyrjaşsalar üstünlik gazanyp bilmejekdiklerine nädip düşündiler? 12. Olar durmuşyny özgerdendigine ökünýärdilermi? 13. Interwýudaky haýsy pikir size ömrüňizi nämä bagyş etmelidigi barada oýlanmaga höweslendirdi?
Indiki Gulluk duşuşygynda geçiriljek sorag-jogaba gatnaşar ýaly, beýleki interwýulary we goşmaça maglumatlara seretmegiňizi haýyş edýäris.