Hödürleriň nusgasy
Noýabr aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak
Biziň köpümiz gowy hökümetiň bolmagyny isleýäris. Siziň pikiriňizçe, nähili hökümiýet adamlaryň kynçylyklaryny çözüp biler? (Jogap bersin). Şu žurnalda näme diýilýändigine üns beriň». Söhbetdeşiňiz bilen «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji noýabr aýynda çykan sanynyň 16-njy sahypasyndaky birinji sözbaşa esaslanan maglumata seredip, azyndan bir aýady okaň. Žurnaly hödürläp, ikilenç ideg etmek üçin sorag beriň.
«Garawul diňi», 1-nji noýabr
«Mümkin bolsa, siziň pikiriňizi bilesim gelýär. Eger siz Hudaýa bir sorag berip bilen bolsaňyz, onda näme sorardyňyz? (Jogap bersin). Isa pygamberiň aýtmagyna görä, ak ýürekden berýän soraglaryňa jogap tapsa bolýar (Matta 7:7-ni oka). Şu žurnalda Mukaddes Ýazgylar arkaly üç wajyp soraga jogap berilýär». Adama 3-nji sahypanyň aşagyndaky soraglary görkez.
«Oýanyň!», noýabr
«Biz şu günler maşgalalara kömek etmek üçin olary ideýäris. Çagalaryny ýeke terbiýeleýän ata-eneler gitdigiçe köpelýär. Siziň pikiriňizçe, olara doly maşgalalara garanda kynmyka? (Jogap bersin). Köp ata-eneler Mukaddes Ýazgylardan peýdaly maslahatlar tapdylar (2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlary oka). Şu žurnalda çagalaryny ýeke terbiýeleýän ata-enelere öz borjuny gowy berjaý etmäge ýardam edýän käbir maslahatlar bar».