Awgustyň ilkinji şenbesinde Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga kömek edýän
hödürler
«Adamlar her hili dine uýýarlar we Hudaýa dürlüçe sežde edýärler. Eýsem, Hudaý muňa nähili garaýarka? (Jogap bersin.) Pygamberler diňe bir din, ýagny hakyky diniň bolmalydygyny aýdypdyrlar. Muny ebedi ýaşaýşa eltýän ýola meňzedip bolar. Bu barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär. (Matta 7:14 okap ber). Hakyky din nämä esaslanmaly? (Ýahýa 4:24-i okap ber). Diýmek, Hudaý hakykata, ýagny Mukaddes Ýazgylara esaslanan seždäni kabul edýär». Indiki sapar hakyky diniň aýratynlyklary hakda gürrüňdeş bolmak üçin wagt belleş.
Çagalara Hudaý barada kiçilikden öwretmelimi ýa-da olar ulalyp, özleri din saýlaryna garaşmaly?
• Efesliler 6:4 — Mukaddes Ýazgylar atalara çagalaryna Hudaýyň ýollaryny öwretmegi tabşyrýar.
• Süleýmanyň tymsallary 1:8 — Eneler hem çagalaryna Hudaý barada bilmäge köp kömek edip bilerler.
Biz ýalňyşsak, özümizi ýazykly hem günäli duýýarys. Eýsem, Hudaý biziň günälerimize nähili garaýarka?
• Zebur 103:12 — Hudaý günälerimizi bagyşlanda, olary bizden mümkin boldugyça uzaklaşdyrýar.
• Zebur 103:14 — Hudaý bizi bagyşlamak isleýär, sebäbi ol biziň günälidigimizi bilýär.