Hödürleriň nusgasy
Awgust aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak
«Ähli adamlar diýen ýaly, käwagt Hudaýa doga edýär. Hatda Hudaýa ynanmaýan adamlar hem betbagtçylyga uçranda, dileg edýärler. Siziň pikiriňizçe, Hudaý ähli dogalary eşidýärmi?» (Jogap bersin). «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji awgustda çykan sanynyň soňky sahypasyndaky birinji soragyň aşagyndaky maglumata we getirilen aýatlaryň azyndan birine serediň. Žurnaly hödürläp, ikilenç ideg etmek üçin sorag beriň.
Bellik: Şu hödüri 3-nji awgustda wagyz duşuşygynda sahnalaşdyrmaly.
«Garawul diňi», 1-nji awgust
«Pornografiýanyň giňden ýaýramagy köp adamlary biynjalyklandyrýar. Käbirler bolsa, onuň hiç hili zyýany ýok öýdýär. Siz nähili pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin). Isa pygamber gowy zady miwesinden tanap bolýandygyny aýtdy (Matta 7:17-ni oka). Bu žurnalda pornografiýanyň nähili miwe berýändigi düşündirilýär. Şeýle-de onda pornografiýany görmek we okamak endigini taşlar ýaly, peýdaly maslahatlar berilýär».
«Oýanyň!», awgust
«Köp adamlar uzak ýaşasy gelýär. Siziň pikiriňizçe, ylmyň kömegi bilen haçanam bolsa ebedi ýaşap bolarmy? (Jogap bersin). Hudaýyň nähili ajaýyp wada berýändigine serediň (1 Korintoslylar 15:26-ny oka). Emma Hudaý muny ylym arkaly edermi ýa-da başga zat arkaly eder? Biz häzir näme üçin garraýarys we ölýäris? Bu žurnalda Mukaddes Ýazgylaryň esasynda şu soraglara jogap berilýär».