Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/13 sah. 1
  • «Güwä geçmek»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Güwä geçmek»
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • Düýpli wagyz etmegi ýüregimize düwdük
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • «Bütin ýer ýüzünde... wagyz edersiňiz»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Isanyň resullaryndan oýa bolmagy öwreneliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Demirgazykdan hüjüm ederler!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 1/13 sah. 1

«Güwä geçmek»

1. Pawlus resul wagyz etmekde nähili ajaýyp görelde galdyrdy?

1 «Sen... hyzmatyňy doly (TD) bitir» (2 Tim. 4:5). Pawlus resul bu maslahaty Timoteosa päk ynsap bilen berýär. Dogrudan-da, Pawlus resul b. e. 47-nji we 56-njy ýyllar aralygy üç missioner gullugyny ýerine ýetirdi. Resullaryň işleri kitabynda Pawlus resulyň doly «güwä geçendigi» hakynda birnäçe gezek aýdylýar (Res. iş. 23:11; 28:23). Şu günler biz nädip Pawlus resulyň göreldesine eýerip bileris?

2. Öýden-öýe nädip doly güwä geçip bileris?

2 Öýden-öýe. Hoş habary eşitmedik adamlara wagyz etmek üçin dürli wagtda barmaga jan etmeli. Köplenç adamlar agşamara ýa-da dynç günleri öýünde bolýarlar. Biz öýünde bolmadyk adamlaryň her biri bilen gürrüňdeş bolmak üçin elimizde baryny etmeli. Eger biz şonda-da olary tapmasak näme? Onda hat ýa-da telefon arkaly wagyz etse bolar.

3. Sen nädip aç-açan we resmi däl ýagdaýda wagyz edip bilersiň?

3 Aç-açan we resmi däl. Şu günler Ýehowanyň gullukçylary diňleýän adamlaryň ählisine hakyky «hikmeti» öwredýärler. Olar käte «köçede» ýa-da «bazar ýerlerinde» wagyz edýär (Sül. tym. 1:20, 21). Biz gündeki işlerimiz bilen meşgul bolup ýörkäk wagyz etmelidigine düşünýärismi? Hudaýyň Sözüni yhlasly wagyz edýärismi? (Res. iş. 18:5). Eger şeýle edýän bolsak, «wagyz edip, güwä geçmek» borjumyzy doly ýerine ýetirýäris (Res. iş. 10:42; 17:17; 20:20, 21, 24).

4. Doga we oýlanmak doly güwä geçmäge nädip ýardam edýär?

4 Käte biz gowşaklygymyz ýa-da çekinjeňligimiz sebäpli wagyz etmezligimiz mümkin. Elbetde, Ýehowa biziň ýagdaýymyza düşünýär (Zeb. 103:14). Emma şeýle ýagdaýda, batyrgaý wagyz etmek üçin doga etmeli (Res. iş. 4:29, 31). Şeýle-de şahsy okuw geçirip, Hudaýyň Sözi barada oýlananda, hoş habaryň gadyr-gymmatyna çuňňur minnetdarlygymyzy bildirip bileris (Flp. 3:8). Bu bize yhlasly wagyz etmäge ýardam eder!

5. Biz Ýoweliň pygamberligini nädip berjaý edýäris?

5 Ýowel (Ýowel) pygamber Ýehowanyň beýik elhenç güni gelmezinden öň, Hudaýyň halkynyň «ýörejekdigini» we olara wagyz etmäge hiç zat päsgel bermejekdigini pygamberlik etdi (Ýowel 2:1, 7—9). Hiç haçan gaýtalanmajak wagyz işine gatnaşmak üçin elimizde baryny edeliň!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş